Sepleriň elýeterliligi

Ymam Internetden we telefondan ýüz öwürmegi ündeýär


Daşkendiň "Tuhtaboý" atly uly metjidiniň täze ymamy Isokjon Begmatow.

Daşkendiň "Tuhtaboý" atly uly metjidiniň täze ymamy Isokjon Begmatow.

Daşkendiň "Tuhtaboý" atly uly metjidiniň täze ymamy Isokjon Begmatow geçen hepdeki juma namazynda metjide gelenleriň öňünde eden wagzynda Internet bilen mobil telefonyň "dildüwşük" bolup durýandygyny öňe sürdi.

Ymam metjide gelenleri döwrebap telekommunikasiýa serişdelerinden ýüz öwürmäge çagyrdy

Ymam Isokjon Begmatow Internet bilen mobil telefona öwrenişen musulmanlaryň olardan ýüz öwürmegini isleýär. Ymamyň bu temadan eden çykyşynyň wideosy Özbegistanyň paýtagtynda ýerleşýän "Tuhtaboý" atly metjidiň resmi websahypasynda hem goýlupdyr.

Many taýdan telekommunikasiýa serişdeleriniň ösüşine garşy edilen bu wagyz Internetde "Yslam döwleti" atly ekstremistik toparyň telewizor görmekden elçekmäge çagyrýan, telewizor görmegi gadagan edýän çagyryşy bilen bir wagtda ýaýrapdyr.

Ymam Begmatow ”Dünýädäki telekommunikasiýa ulgamlarynyň ýüzden segsen bölegi gowulygyň tarapynda däl. Internetdäki maglumatlaryňam ýüzden altmyş bölegi ýalan. Internetdäki websahypalarynyň ýüzden togsan bölegem oňlulyga gönükdirilenok” diýýär.

Ol telekommunikasiýa serişdelerine, ynha, şeýle sözler bilen baha berýär: "Bular edilmeli, bähbitli işler däl. Olar yslam dinine garşy bolanlara girdeji getirýär we musulmanyň ybadatyna päsgel berýär".

45 ýaşyndaky ymam ýedi ýarym minutlyk wideoçykyşynda döwrebap köpçülikleýin habar serişdeleriniň, ýagny ylaýta-da günbatar köpçülikleýin habar serişdeleriniň maksadyna we peýdalaryna şübheli garalmagyny ündeýär. Onuň pikiriçe, şeýle köpçülikleýin habar serişdeleri "özbek musulmanlary üçin gaty zyýanlydyr". Isokjon Begmatowyň aýtmagyna görä, hatda hakyky maglumatlary ýaýradýan peýdaly guramalaram bähbitli däldir.

Ymam bu hakda şeýle diýýär: ”Eger olar dogry maglumatlary berýänem bolsa, bu adamlar üçin diýseň zyýanlydyr. Şonuň üçinem hakyky we dogry bolan, ýöne adama zyýan ýetirýän maglumat çeşmelerine-de oňaýly garalmaly däldir we olar ýaýradylmaly däldir. Olary adamlaryň arasynda ýaýbaňlandyrmaly däl. Dogry we hakykat bolsa-da, olaryň üstüni açmaly däl".

Sözler bilen hereketler kybapdaş gelenok

Şonuň ýaly-da "Tuhtaboý" atly esasy metjidiň ymamy maglumatlaryň sosial ulgamlarda ýaýradylmagyna garşy hem çykyş edýär. Ol ”Düwmä basmak bilen sizem şol maglumatlaryň, suratlaryň we serişdeleriň ýaýramagyna sebäpkär bolýarsyňyz. Eger siziň ýigrimi sany dostuňyz bar bolsa, düwmä basan halatyňyzda, ony şol bada ýigrimi adama ýaýradýarsyňyz. Şeýlelikde siz ol ýigrimi adamam şärik edýärsiňiz. Erteki gün şol materiallary, suratlary, maglumatlary hem serişdeleri başga adamlara hem ýaýradanyňyz üçin Allanyň öňünde siz muňa jogap bermeli bolarsyňyz”.

Ymam döwrebap köpçülikleýin habar serişdelerine we metbugata "diniň esasy damaryna ýapyşyp, onuň ganyny sorýan sakyrtga" diýip baha berýär.

Özüniň çykyşynyň ahyrynda özbek ymamy musulmanlara ýüzlenip, olaryň "mobil telefonlaryny dessine zyňmagyny we Internedi hem ulanmagy düýbünden goýbolsun etmeklerini" isleýär.

Aslynda Isokjon Begmatowyň hut özem Interneti ürç edip ulanýanlaryň biri. Onuň Facebook sosial ulgamynda öz sahypasy bar. Şonuň ýaly-da ol sosial ulgamlarda birnäçe yslamy sahypalara ýolbaşçylyk edýär.

Ymam Isokjon Begmatow 1970-nji ýylda Özbegistanyň Fergana welaýatynyň Bäşaryk etrabynda doglan. Ol Daşkentdaki ymam Al-Buhary adyndaky yslam institutyny gutaran. Begmatow şeýle-de ymam Al-Buhary adyndaky halkara merkezde ýokary ylmy derejäni alan. Ol 1994-nji we 1997-nji ýyllaryň arasynda "Abdulkosim" adyndaky medresäniň kafedrasynyň başlygy, 1997-nji we 2002-nji ýyllaryň arasynda bolsa Daşkendiň yslam institutynyň kafedrasynyň ýolbaşçysy bolup işleýär. Isokjon Begmatow 2002-nji ýyldan başlap hem Daşkendiň Almazar etrabyndaky "Tuhtabaý" atly esasy metjidiniň ymam-hatyby wezipesini alyp barýar. Şeýle-de ol 2011-nji ýyldän bäri Daşkendiň yslam institutynyň kafedrasyna baştutanlyk edip gelýär. Ol "Ylym öwrenmegiň kadalary" atly kitabyň hem awtorydyr.

Özbek ymamy "YD"-niň gadagançylyk girizmegi bilen bir wagtda çykyş etdi

Özbek ymamynyň köpçülikleýin habar serişdelerine garşy eden çagyryşy "Yslam döwletiniň" söweşijileriniň halkyň "howply" daşary ýurt kanallaryna tomaşa etmeginiň öňüni almak maksady bilen çanak hojalyklaryň antennalaryny we telewizorlaryny ýok eden pursadyna gabat geldi.

Bu aýyň başynda "YD"-niň söweşijileri telewizory gadagan edýän buýrugy çykardylar. Buýrukda telewizora diňe juma güni gurhan gepleşigi berilýän mahaly tomaşa edilmegi ündelýär.

"YD"-niň ymamlary juma namazlaryna gelýänlere "Al-Jazira", "Al-Arabiýa" ýaly telekanallaryň esassyz, nädogry we hatda ýöne ýaranjak bolubam birtaraply maglumatlar berýändigi üçin, telewizora seretmegiň gadagan edilendigini düşündiripdirler.

"YD" ýönekeý halka garşy, ýagny olaryň daşarky dünýä bilen arabaglanyşyk gurmak üçin edýän synanyşyklarynyň öňüni almak maksady bilen mundan başga-da şuňa meňzeş dürli çäreleri durmuşa geçirýär.

Bu ekstremistik topar iýul aýynda öz tarapdarlaryna öýlerde Internet ulanmagy gadagan edipdir. "YD"-niň ýolbaşçylary diňe toparyň gözegçiligindäki Internet kafelerde kabelsiz Internet, ýagny Wi-Fi ulanmaga rugsat berilýär. Söweşijiler şonuň ýaly-da sosial ulgamlaryň ulanylmagy barasynda hem täze çäklendirmeler girizdiler.

(Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy)

XS
SM
MD
LG