Sepleriň elýeterliligi

Yrak harbylary F-16 uçaryny ulandylar


Yragyň howa güýçleriniň generaly Anwar Hama Amin, Bagdad, 6-njy sentýabr, 2015

Yragyň howa güýçleriniň generaly Anwar Hama Amin, Bagdad, 6-njy sentýabr, 2015

Pentagon Yragyň harbylarynyň ABŞ-dan satyn alnan F-16 söweşiji uçaryny ulanyp ilkinji gezek “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijilerine garşy howadan zarba urup başlandygyny tassyklady.

Pentagonyň metbugat-wekili Peter Kook Yragyň söweşiji topara garşy çärelerinde uçarlary üstünlikli ulanmagyny makullady. Emma jikme-jik maglumat bermedi.

Yragyň howa güýçleriniň generaly Anwar Hama Aminiň 6-njy sentýabrda “Frans Press” (AFP) agentligine aýtmagyna görä, Yragyň harby uçarlary tarapyndan dört günüň dowamynda 15 sany howa zarbasy amala aşyrylypdyr.

Amin Salaheddin we Kirkuk regionlarynda “YD” toparynyň söweşijilerine garşy amala aşyrylan “oýlanyşykly zarbalaryň” “möhüm netije” berendigini aýtdy we uçarlaryň “geljekki operasiýalaryň geçirilmegine täsir ýetirjegini” belledi.

Iýul aýynda Yraga ABŞ-nyň wada beren 36 sany F-16 kysymly söweş uçaryndan dördüsi gowuşdy.

XS
SM
MD
LG