Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan öz sürüjisiz uçaryny ulanandygyny aýdýar


Pakistanyň harbylary ýurduň demirgazyk-günbatarynda söweşijilere garşy çärelerinde ilkinji gezek ýurduň içinde öndürilen sürüjisiz uçary ulanandygyny aýdýarlar.

Goşunyň metbugat-wekili general-maýor Asim Bajwa “Pakistanda öndürilen sürüjisiz Burrak uçary şu gün ilkinji gezek ulanyldy. Terrorçylaryň Şawal obasyndaky merkezine edilen zarbanyň netijesinde üç ýokary taýýarlykly terrorçy öldürildi”, diýip 7-nji sentýabrda Twitterde ýazdy.

Pakistan sürüjisiz uçary barada ilkinji gezek martda habar berdi we onuň üstünlikli synagdan geçendigini belledi.

Pakistan 2014-nji ýylyň iýul aýynda Demirgazyk Waziristan regionynda Pakistanyň “Talyban” hereketine we onuň ýaranlaryna garşy giň möçberli hüjümlere başlady.

XS
SM
MD
LG