Sepleriň elýeterliligi

Siriýa: Fransiýa howadan gözegçilik edýär


Fransiýanyň prezidenti Fransua Hollande Fransiýanyň 8-nji sentýabrdan başlap Siriýanyň howa giňişliginde gözegçilik uçuşlaryny amala aşyrjakdygyny we bu ýerde “Yslam döwleti” toparynyň pozisiýalaryna howa zarbalaryny amala aşyrmagy göz öňünde tutýandygyny aýtdy.

Hollande Siriýadan ençeme ýurda, şol sanda Fransiýa garşy terrorçy hüjümleriň planlaşdyrylandygyny aýtdy.

Şeýle-de Hollande gözegçilik uçuşlarynyň Fransiýa “YD” ekstremist toparyna garşy “howa zarbalaryny planlaşdyrmaga” mümkinçilik berýändigini aýtdy.

2014-nji ýylyň sentýabr aýynda Fransiýa ABŞ-nyň “YD” toparyna garşy Yrakdaky howa zarbalaryna goşulypdy. Bu kampaniýa “YD” toparynyň Yrakda we Siriýada uly giňişlikleri basyp almagynyň yzýany başlanypdy.

XS
SM
MD
LG