Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Awstriýa migrantlar üçin mümkinçilikleri çäklendirýär


Awstriýanyň kansleri Werner Faýmann öz ýurdunyň müňlerçe migrantyň Wengriýadan Awstriýa barmaga we Germaniýa aşmaga mümkinçilik döreden adatdan daşary çäreleri çäklendirmegi planlaşdyrýandygyny aýtdy.

Faýmann 6-njy sentýabrda eden çykyşynda Awstriýanyň hökümetiniň ädimme-ädim “adatdan daşary çärelerden kanuny we kadaly durmuşa” dolanmagynyň zerurdygyny aýtdy.

Onuň bu çykyşy Siriýadan, Owganystandan we Yrakdan müňlerçe migrantyň Germaniýa we Awstriýa aşýan döwrüne gabat geldi. Olaryň aglaba bölegi Wengriýanyň üstünden geçýär.

Şol bir wagtda-da Wengriýa Serbiýa bilen serhedinde bosgunlar üçin täze lageri döredendigini aýdýar we Türkiýäniň, Gresiýanyň, Makedoniýanyň we Serbiýanyň üstünden Wengriýa barýan bosgunlaryň öňüni almak üçin serhedine gözegçiligi berkidýär.

Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orban öz ýurdunyň musulman migrantlary islemeýändigini aýtdy. Muňa garamazdan wengriýaly we awstriýaly ynsanperwer meýletinçiler migrantlara kömek edýärler we olara Germaniýa aşmak üçin ýardam berýärler.

XS
SM
MD
LG