Sepleriň elýeterliligi

Täjik goşuny gaçgak resmisini gözleýär


Täjigistanyň goranmak ministriniň öňki orunbasary Abukhalim Nazarzoda

Täjigistanyň goranmak ministriniň öňki orunbasary Abukhalim Nazarzoda

Täjigistanyň howpsuzlyk güýçleri ministriň öňki orunbasaryny we onuň ýaranlaryny gözlemegini 7-nji sentýabrda dowam etdirdiler. Üç gün mundan ozal Duşenbede we onuň töwereginde bolan çaknyşykda 26 adam, şol sanda dokuz sany polisiýa wekili we 17 söweşiji öldürildi.

Goranmak ministriň öňki orunbasary Abukhalim Nazarzodany gözlemek boýunça çäreler Duşenbeden günorta tarapda 150 kilometr uzaklykdaky daglyk Romit Gorge ýeriň golaýynda amala aşyrylýar.

Täjigistanyň içeri işler ministrligi Nazarzodanyň we onuň ýaranlarynyň 4-nji sentýabrda harby we polisiýa merkezlerinde gandöküşikli hüjümleri amala aşyransoň Romit Gorge tarapyna gidendigini aýtdy.

Prezident Emomali Rahmon hüjümleriň “Yslam döwleti” toparynyň garaýyşlaryna ýykgyn edýän we öz häkimiýetine zeper ýetirmek isleýän söweşijiler tarapyndan amala aşyrylandygyny aýtdy.

1990-njy ýyllaryň graždan uruşynyň dowamynda hökümet güýçlerine garşy söweşen demokratik, milletçi we yslamçy güýçleri öz içine alan Birleşen täjik oppozisiýasynyň öňki agzasy Nazarzoda ministriň orunbasary wezipesine 1997-nji ýylda Rahmonyň hökümeti bilen barlyşygyň netijesinde eýe bolupdy.

XS
SM
MD
LG