Sepleriň elýeterliligi

Merkel: Migrant akymy Germaniýany “üýtgeder”


German kansleri Angela Merkel.

German kansleri Angela Merkel.

German kansleri Angela Merkel migrantlaryň Germaniýa akymy ýurdy “eýeläp, ony öňümizdäki ýyllarda üýtgeder” diýýär.

Merkel bu ugurdan öz pikirini 7-nji sentýabrda geçiren metbugat ýygnagynda mälim etdi. Geçen hepdäniň ahyrynda 20 müň çemesi migrantyň Germaniýa aralaşandygy çaklanylýar.

Germaniýanyň kansleri: “Biz bu üýtgeşmäniň oňaýly bolmagyny isleýäris we biz muny başarjagymyza ynanýarys” diýdi.

Merkeliň ýolbaşçylygyndaky koalisiýa ýurda gelýän migrant akymy bilen bagly işler üçin 6 milliard ýewro, ýagny 6,7 milliard amerikan dollary möçberinde pul goýbermegi tassyklady.

Emma şol bir wagtda Merkel “raýdaşlyga we bosgunlaryň adalatly paýlanmagyna” çagyryş edip, “[adam] gymmatlyklaryna esaslanýan Ýewropa özüniň kimdigini görkezmelidir” diýdi.

Hökmany deň paýlamak”

Bu aralykda Parižde Fransiýanyň prezidenti Fransua Ollandyň (Francois Hollande) beren maglumatyna görä, Ýewropa Komissiýasy 120 müň bosgunyň ýaşaýyş jaý bilen üpjün edilmeginiň jogapkärçiligini Ýewropa Bileleşigine agza 28 döwlete “hökmany deň paýlamak” baradaky teklibi hödürlemäge taýýarlanýar. “Bu teklibe laýyklykda, Fransiýanyň paýyna 24 müň migrant düşer” diýip Olland belledi.

Şeýle-de, ol migrantlar bilen bagly emele gelen krizis barada halkara konferensiýanyň Fransiýada geçirilmegini teklip etdi.

Şol bir wagtda Wengriýa Berlini migrant akymynyň artmagyna sebäp bolmakda aýyplapdy we oňa serhet kontrollaryny berkitmek planlaryny tizleşdirmegi üçin basyş edýär.

“Manysy ýok”

7-nji sentýabrda Budapeştde Wengriýanyň diplomatlarynyň üýşmeleňinde çykyş eden wenger premýer-ministri Wiktor Orban: “Biz Ýewropanyň daşky serhetlerini goramagy başarýançak, biziň näçe adamy kabul edip biljekdigimizi gürleşmegimiziň bir manysy ýok” diýdi.

Orban Germaniýa aralaşmaga synanyşýan migrantlaryň öz fiziki howpsuzlygyny üpjün etmäge däl-de, “nemes durmuşyna” ýetmegi isleýändigini aýtdy. Şeýle-de ol, eger migrant akymy dowam etse, onda onuň Ýewropanyň “hristian ýurtlarynyň maddy hal-ýagdaýyna” hem howp salyp biljekdigini sözüniň üstüne goşdy.

Orbanyň bu çykyşlary Siriýadan, Owganystandan we Yrakdan müňlerçe migrantlaryň Germaniýa we Awstriýa gelmegini dowam etdirýän mahalyna gabat geldi. Şol migrantlaryň aglabasy Wengriýanyň üsti bilen Berline we Wena aralaşmaga synanyşýar.

Wengriýa özüniň Serbiýa bilen serhediniň golaýynda täze bosgunlar lagerini döretjekdigini aýdýar. Wengriýa gelýän migrantlaryň aglabasy Türkiýäniň, Gresiýanyň we Makedoniýanyň üsti bilen Serbiýa aralaşýar.

XS
SM
MD
LG