Sepleriň elýeterliligi

Täjigistanyň gaçgak resmisi gözlenýär


Täjigistanyň Içeri işler ministrligi Romit Gorgede Nazarzodany gözleýär.

Täjigistanyň Içeri işler ministrligi Romit Gorgede Nazarzodany gözleýär.

Täjigistanyň häkimiýetleri goranmak ministriň geçen hepdede öz wezipesini terk eden we gandöküşikli hüjümi amala aşyransoň gaçyp gizlenen orunbasaryny sud etdiler.

Baş prokuraturanyň 8-nji sentýabrda aýtmagyna görä, Abduhalim Nazarzoda resmi taýdan dönüklikde, terrorçylykda, diwersiýa etmekde we ekstremist toparyny döretmekde aýyplandy.

Howpsuzlyk güýçler Nazarzodany we onuň ýaranlaryny ençeme gün bäri Romit Gorge atly ýerde gözleýärler.

Resmiler ony 4-nji sentýabrda Duşenbäniň golaýynda polisiýa bölümine we harby merkeze hüjüm etmekde aýyplaýarlar. Hüjümde dokuz polisiýa ofiseri öldürildi we altysy ýaralandy.

Polisiýa “terrorçy” diýip atlandyrylan toparyň 17 agzasyny öldürendigini we onlarçasyny ele salandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG