Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran Siriýa boýunça gepleşiklere taýýar


Eýranyň prezidenti Hassan Rohani (s) Awstriýanyň ýolbaşçysy Heinz Fişer (ç) Tähran, 8-nji sentýabr, 2015
Eýranyň prezidenti Hassan Rohani (s) Awstriýanyň ýolbaşçysy Heinz Fişer (ç) Tähran, 8-nji sentýabr, 2015

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani öz ýurdunyň Siriýadaky graždan uruşyndan çykalga tapmak üçin ABŞ we Saud Arabystany bilen gepleşiklere taýýardygyny aýtdy.

Rohani 8-nji sentýabrda Tähranda Awstriýanyň ýolbaşçysy Heinz Fişer bilen geçren bilelikdäki metbugat-konferensiýasynda “Eýran Siriýa üçin howpsuz, durnukly we demokratik gelejek boýunça regional ýurtlar hem dünýäniň täsirli ýurtlary bilen islendik gepleşikleri geçirer” diýdi.

Siriýada Assadyň režiminiň esasy goldawçysy bolan şaýy Eýran ABŞ-ny we öz bäsdeşi sünni Saud Arabystanyny Siriýanyň gozgalaňçylarynyň we söweşijileriniň tarapyny tutmakda aýyplaýar.

XS
SM
MD
LG