Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG Azerbaýjanda graždan jemgyýetine basyşlary ýazgardy


BMG-niň adam hukuklary boýunça baş komissary Zeid Raad Al Hussein
BMG-niň adam hukuklary boýunça baş komissary Zeid Raad Al Hussein

BMG-niň adam hukuklary boýunça baş komissary Zeid Raad Al Hussein Azerbaýjanda raýat jemgyýetçiligine edilýän basyşlary ýazýardy.

8-nji sentýabrda çap eden beýannamasynda Zeid “žurnalistlere, adam hukuklaryny goraýjylara we aktiwistlere döwlet häkimiýetleri tarapyndan edilýän çakdan aşa basyşlaryň, kemsitmeleriň we gorkuzmalaryň Azerbaýjanda dowam edýändigi barada maglumatlar gowuşýar” diýdi.

Zeid öz azatlyklaryny talap edip, tussag edilenleri tizden-tiz boşatmaga çagyrdy.

1-nji sentýabrda Bakunyň sudy derňeýji žurnalist AÝ/AR-nyň habarçysy Hadija Ismaýilowany ýedi ýarym ýyl türme tussaglygyna höküm etdi. Adam hukuklaryny goraýjy toparlar žurnalistiň hökümet resmileriniň korrupsiýa baş goşmagy baradaky maglumatlary üçin jezalandyrylandygyny aýdýarlar.

Zeid Ismaýilowa çykarylan hökümi “ýurtda garaşsyz seslere garşy basyşlaryň soňky mysaly” diýip atlandyrdy.

XS
SM
MD
LG