Sepleriň elýeterliligi

"Sekiz aý öýden uzakda zähmet çekýäris"


Pagta meýdany.

Pagta meýdany.

Türkmenistanda pagta ýygym kampaniýasy dowam edýär. Bu kampaniýa döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleri hem çekilýär. Pagta ýygym kampaniýasyna gatnaşmaýan işgärleriň bolsa, öz deregine “günlükçileri” tutýandygy aýdylýar.

Mary welaýatynyň ýaşaýjysy Azatlyk Radiosyna beren gürrüňinde gazanç etmek üçin bir ýylyň dowamynda sekiz aýlap öz öýünden uzakda ýaşap, “günlükçi” bolup zähmet çekýändigini belleýär.

Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabyndan özüni kümüş diýip tanyşdyran öý hojalykçy zenan özüniň we özi ýaly zähmet çekýän zenanlaryň iş şertleri barada Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Soltan Açylowa gürrüň berdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG