Sepleriň elýeterliligi

logo-print

"YD mustard gazyny ulandy"


Germaniýanyň daşarky aňtaw agentligi (BND) “Yslam döwleti” toparynyň zäherli mustard gazyny ulanmagynyň subutnamasyny toplandygyny aýtdy, diýip 7-nji sentýabrda Germaniýanyň Bild gündeligi habar berdi.

Gazetiň maglumatyna görä, BND aňtaw agentligi “YD topary bilen çaknyşykda ýaralanan kürtleriň gan nusgalaryny alypdyr.

Agentligiň ýolbaşçysy Gerhard Şindler mustard gazynyň Yrakda Saddam Huseýniň ýolbaşçylygy döwründe öndürilen köne gorlaryndan alnandygyny ýa-da “YD” toparynyň Mosulyň uniwersitetini ele salansoň öndürlendigini belledi.

Şindleriň bu sözleri Germaniýanyň ýokary wezipeli aňtaw resmisi tarapyndan tassyklandy.

XS
SM
MD
LG