Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe: 12 polisiýa wekili wepat boldy


Türkiýäniň we ýurtda bikanun hasaplanýan Kürdüstanyň Işçi partiýasynyň (PKK) arasyndaky zorluklaryň dowamynda bolan bombaly hüjümde azyndan 12 sany polisiýa ofiseri öldi.

Anadoly resmi täzelikler agentliginiň 8-nji sentýabrda aýtmagyna görä, hüjüm Azerbaýjan bilen serhedi kesgitlemek boýunça iş alyp barýan polisiýa ofiserlerini alyp barýan kiçi awtobusa garşy edilipdir.

Agentlik mundan ozal Yragyň demirgazygynda 50 çemesi söweş uçarynyň PKK garşy reýdleri geçirendigini we “deslapky netijelere görä 35-40 çemesi terrorçyny” öldürendigini habar berdi.

XS
SM
MD
LG