Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Ýaşlygymy köýdürdiler”


Lebap welaýatynda pagta ýygýan çagalar.
Lebap welaýatynda pagta ýygýan çagalar.

Azatlyk Radiosynyň sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda “Türkmenistanda pagta ýygym möwsümi başlandy. Siz pagta ýygymyna gatnaşan bolsaňyz, nähili tejribäňiz bar?” diýen sorag bilen açan forumy okyjylarymyzyň arasynda uly gyzyklanma döredip, oňa onlarça teswir gelip gowuşdy.

Facebook-daky sahypamyzda 7-nji sentýabrda ýerleşdiren bu forumymyza diňe bir günüň dowamynda, ýagny 8-nji sentýabra çenli 70-e golaý teswir ýazylypdyr. Teswirleriň aglabasynda okyjylarymyz pagta ýygymy döwründe başdan geçiren tejribelerini beýan edip, käbirleri pagta ýygym kampaniýasy sebäpli öz çagalyk ýyllarynyň köp böleginiň pagta meýdanlarynda geçendigini ýazýarlar.

Jennet atly okyjymyz: “5-nji synpdan başlap irden sagat 6-da atyzyň gyrasynda hatara durýardyk. Agşam sagat 8-de ýa-da 9-da hem öýümize dolanýardyk. [Şu zatlardan] bizar bolup, Orsýete okuwa gaýtdyk. Ol ýerde hem 5 ýyllap kartoşka topladyk. Gysgaça aýdanymyzda, çagalyk, ýaşlyk ýyllarymyň işini gördüler” diýip, öz teswirinde ýazýar.

“Saglygymy ýitirdim”

Jahanna bolsa: “Okuw ýok, bilim ýok, diňe pagta ýygmaly. Ony ýygmasaň, 4-5-lik baha hem ýok. Şeýle bolanda, bilimli-ukyply ýaşlar ýetişermi?” diýen soragy berýär. Osman atly okyjymyz hem bu pikiri goldap: “Pagta ýok, bugdaý ýok, pomidor ýok, sogan ýok, kartoşka ýok, suw ýok, häkimlik ýok, iş ýok, zawod ýok, diňe parahorlyk bar” diýip, öz garaýşyny jemleýär. Zuhra atly okyjymyz bolsa: “Bizde iş bolsa, Türkmenistanyň pagtasynam ýygardyk, ähli ýerinem süpürerdik, ýöne gynansakda, bizde iş ýok” diýip teswirinde belleýär.

Pagta ýygymy sebäpli öz saglygyny ýitirendigini ýazýan okyjylarymyz hem bar. Olaryň biri Newa bolup, ol öz teswirinde: “Suwly joýalaryň içinde pagta ýygyp, saglygymy ýitirdim” diýip ýazsa, Eje Ataýewa bolsa: “Meni 3-nji synpda mekdepden pagta äkitdiler. Pagta meýdanyna giden günüm hem burnuma ary girip, ary çakdy. Tas ölüpdim... Şondan soň pagta diýseler gaçýardym, mugallymym öýe gelip ýalbarýardy” diýip ýazýar.

“Pagta ýygmagy küýsedim”

Forumda öz teswirini galdyran okyjylarymyzyň arasynda pagta ýygmagy “küýsändiklerini” ýazan okyjylarymyz hem bolup, Şasenem: “Her gün 120 kilogram pagta ýygýardym” diýip, “pagta ýygmagy küýsändigini” aýdýar. Gülbaharam bu pikire goşulyp, “Gaty kösenýärdik, ýöne gyzyklydy, häzir pagta ýygmagy küýsedim” diýip belleýär.

Ýöne okyjylarymyzyň arasynda bu pikire garşy çykyş edenler hem bar. Madina: “Türkiýä ýol açylmadyk bolsa, pagta ýygmagy häzirem dowam etdirerdiňiz. Biderek zatlar ýazmaýyň... Eger-de, pagta ýygmagy küýsän bolsaňyz, onda gidiň-de, pagta ýygyň” diýip, maslahat berýär .

Foruma gatnaşan okyjylarymyzyň arasynda pagta ýygymy çäresiniň ösen ýurtlarda adam elleriniň däl-de, ýörite tehnikanyň güýjüne daýanýandygyny belleýänler hem bar. Fahreddin atly okyjymyz özüniň hem bir wagtlar bir günüň dowamynda ýeke özüniň “120 kilogram pagta ýygandygyny” öňe sürüp, “Türkiýede pagtany adamlar däl-de, maşyn ýygýar” diýip pikirini jemleýär.

Ruslan hem bu teswire goşulyp: “Pagtany biziň mähriban halkymyz ýygmaly däl ahyryn, bize kombaýn gerek. Çagalarymyz okamaly, olar biziň gelejegimiz. Işgärlerimiz hem mähriban halkymyza hyzmat etmeli” diýip, öz teswirinde ýazýar.

Ýeri gelende belläp geçsek, bu pikirler Azatlyk Radiosynyň okyjylarynyň pikiri bolup, ol hiç bir görnüşde Azatlyk Radiosynyň resmi pozisiýasyny şöhlelendirmeýär.

XS
SM
MD
LG