Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hekaýa söwdasy


25-nji Edinburg Halkara kitap festiwaly 15-nji awgustdan 31-nji awgusta çenli dowam eder.

Festiwalyň müdiri Roland Gulliwer festiwalyň resmi sahypasynda goýlan makalasynda bu ýylky festiwalyň esasy temasy bolan "Trading Stories" (Hekaýa söwdasy) babatdaky öz pikirlerini aýan edipdir. Şol makalanyň kiçeňräk bir böleginiň terjimesini dykgatyňyza ýetirýäris.

Roland Gulliwer

"Hekaýa söwdasy"

Agzalalyk döwründe, habarlaryň sözbaşylarynyň gorkunç we dezinformasiýa bürenen döwründe bizi birleşdirýän gymmatlyklary gözläp tapmak örän wajyp meseledir.

Men şuňa ynanýaryn, ýagny bizi ynsanyýet taýdan birleşdirýän hem jebisleşdirýän gymmatlyk – hekaýalar, söhbetdeşlik we olary ýaýratmakdyr.

Hekaýalar aradaky serhetlerden geçip, araçäkleri aýryp biler. Hekaýalar, ençe asyrlap dürli ýurtlara syýahat edip, dilden-dile geçip, terjime edilip ýaýrandyr.

Festiwalyň gurnaýjysy hökmünde awgust aýynda 18 gün boýunça Edinburg auditoriýasy üçin dünýädäki ajaýyp kitaplaryň we ýazyjylaryň arasynda syýahat edip, olary öwrenjegim üçin özümi gaty bagtly hasaplaýaryn.

Biziň auditoriýamyzyň dili indi diňe iňlis dili däl. Muňa düşünmek we doly göz ýetirmek barha örän wajyp meselä öwrülip barýar. Biziň auditoriýamyzyň iki dili, ýagny köp dili bardyr - Şotlandiýada öýlerde indi 140 dilde gepleşilýär.

Şonuň üçinem bütin bu dilleri ysnyşdyrýan, birleşdirýän hem bütewüleşdirýän hekaýalary tapmaga, her birimiziň medeniýetini, milliligini, däp-dessurlaryny oňaýly kabul edýän bir atmosfera döretmegimiz zerur.

Bu ýylky "Trading Stories" (Hekaýa söwdasy) diýip atlandyrylan "Terjimede – edebiýat" programmasyny düzen mahalymyz käbir jebisleşdirji temalary saýlap aldyk.

1

"Adamyň bedeniniň öýjüklerinde we başga adamlaryň başdan geçirmelerinde syýahat etmek... Durmuş mümkinçiliklerini öwrenmek: adamzadyň iň gyzykly başdan geçirmesidir" Gawin Frankis.

Rowaýatlar we ertekiler döwri diýseň sada görnüşde beýan edip, suratlandyryp, rezonans döredýär. Klassyky hekaýalaryň terjime edilmegi we olaryň gaýtadan işlenmegi döwrümiziň ýazyjylaryna döredijilik ylhamyny berýär...

Bu ýyl meniň iň halaýan açyşlarym - terjime edilen şeýle kitaplardyr: Ian Crockatt tarapyndan ýazylan "Crimsoning the Eagle's Claw", Rognýaldr Kali Kolsson tarapyndan ýazylan "The Ýiking Poems", Jean-Pierre Filiu and Daýid B tarapyndan ýazylan "Earl of Orkney" we "Best of Enemies: A History of US and Middle East Relations" kitaplarydyr.

Ianyň Skandinawiýa poeziýasyndan täze terjime eden eseri şol döwrüň sünnälenip çekilen örän owadan portretidir we ol şahyrlaryň taryhy sahna goýmakdaky wajyp roluny görkezýär...

Jean-Pierre Filiu tarapyndan ýazylan grafiki roman Merkezi Gündogary ussatlyk bilen seljerýän bir analizdir...

Syýasatçylar we media geljege garaýan mahaly, döwrebap ýazyjylar taryhymyzy aýyl-saýyl etmäge synanyşýarlar. Ýetilen sepgitleriň tejribelerini täzeden düşündirmäge synanyşýarlar. Dünýä has gowy düşünmäge kömek edýärler.

Ýohannes Enýuruň "A Storm Blew in from Paradise" (Jennetden öwsen tüweleý) atly romany Walter Benžaminiň taryh perişdesi metaforasyndan ylham alandyr.

2

"Iňlis dilinde gepleýänleriň başga dillere çemeleşişini gysgaça şeýle düşündirip bolar: geliň, öwrenmäliň, talalyň" Gaston Dorren.

Global dünýäde biz hemişe aslynda dilleriň biri-birine täsir edýändigine, birek-birege ylham berýändigine we sünnäleýändigine garamazdan, iňlis dilini aýratyn orunda goýup, onuň iň güýçli dil hasaplanylmagyny alada edinýäris.

Ýöne soňky wagtlarda tanymal terjimeçi Daniel Hahnyň hem nygtaýşy ýaly, auditoriýalar göwnüýetmezçilik we ulumsylyk etmän, başga dillerden terjime edilen eserlere uly gyzyklanma bildirýärler. Hahnyň "Terjime dueli" ýaly terjime eserler, terjimeçiniň ukyplylygyny hem açyk-aýdyň äşgär edýär: bir dilde bir adamyň ”gijeki kluby” bolan zat başga bir dilde başga bir adamyň diskotekasydyr.

"The Spectacular Translation Machine" ýaly täsirli synanyşyklar grafiki roman ugrunda jemgyýeti hem terjimä goşulmaga, gatnaşmaga, her bir adamyny terjimeçilige synanyşyp görmäge çagyrýar. Daşyndan akademiki, ýagny ylmy görünýän bu işi has gyzykly, çekeleşikli hem keýpli ýagdaýa öwürmäge synanyşýar.

Soňky ýyllarda terjimeçiler hem köpçüligiň üns merkezinde bolmak üçin alada edýärler. Ýazyjylar bilen bilelikde ýa-da aýratyn pikir alşlyk oturylşyklaryna, maslahatlara hem ýygnaklara gatnaşýarlar. Terjimäniň tilsimlerini we ugurlaryny sungat hem medeniýet taýdan ara alyp maslahatlaşýarlar.

Rosamund Bartlett we Maureen Freely terjime barasynda gaty köp ýazypdyrlar. Terjimeçi we esseist Miçel Hofmann bilen edebiýat syýahatçysy Ann Morgan bolsa dünýä edebiýatynyň okyjysy bolmagyň manysy hakynda köp ýazypdyrlar.

Petine Gappah, Neli Zink, Aleksandar Hemon we Dewid Almond ýaly ýazyjylar terjimeçileriň proektlerine işjeň gatnaşyp, olaryň edil romançy ýaly öz işleriniň maňzyna ýetmegine kömek edýärler.

3

"Kemçilikleriň görülýän pursady aslynda iň öndürjülikli pursatdyr: düşünje üçin, ruh üçin we döredijilik sungaty üçin" Ali Smith.

Bu festiwal, kitaplar bilen ýazyjylaryň arasyndaky arabaglanşygy tapmagy, ýazyjylaryň belli ugurlarda dürli gözýetimleri öňe sürmegini ýola goýmagy we olara bilelikde sazlaşykly garalmagyny maksat edinýär.

Mary Costellonyň "Academy Street" we Han Kangyň "The Vegeterian" atly romanlarynda zenanlar Irlandiýa bilen Demirgazyk Koreýanyň patriarhal jemgyýetlerini terk etmegiň çykalgalaryny gözleýärler. Kristin Innes bilen Melinda Nadj Abonjiniň romanlary Şotlandiýa bilen Şwesiýadaky marginal jemgyýetler barada söz açýarlar. Johannes Anýuru we Dan Gunnyň romanlary bolsa uruş, migrasiýa, millilik, assimiliýasiýadan 1930-njy ýyllardaky Şotlandiýa we 1970-nji ýyllardaky Uganda mysalynda gürrüň gozgaýarlar.

Dünýäniň ýazyjylary bilen Britaniýanyň ýazyjylaryny duşuşdyrmak örän möhüm ähmiýete eýe. Bu dünýäniň ýazyjylaryna ýerli auditoriýalara aralaşmaga, ýerli ýazyjylary hem dünýä kontekstine çykarmaga kömek edýär. Ýazyjylary şeýle görnüşde birleşdirmek we täze gözýetimler tapmak tapgyry diňe bir çeper edebiýata däl, eýse dokumental edebiýata hem degişli bir ýagdaýdyr.

Belgiýadan Erwin Mortier ejesiniň aňynyň üýtgemegi barasynda gyzykly memuar ýazypdyr (The Stammered Songbook). "Wellcome Book" baýragyna Marion Couts "The iceberg" romany bilen mynasyp görlenem bolsa, aslynda bu iki roman diliň adamyň milliligine ýetirýän täsiri hakdadyr.

Portugaliýadan Susana Moreira Marques we Raýmond Tallis dagylar durmuşyň ahyrky pasly hakynda ýazypdyrlar. Ähli jemgyýetleriň iň çylşyrymly temasy bolan ölümiň maňzyna aralaşmaga synanşypdyrlar.

Dünýäniň ýazyjylaryna täze ugurlary gözleýän programmalar, neşirýatlar, medeni guramalar okyjylara başga adamlaryň ýaşaýyş durmuşynyň üsti bilen başga dünýälere syýahat etmäge mümkinçilik döredýärler. Şeýlelik-de adamzadyň ykbal öwrümlerinde her birimiz öz başdan geçirmämizi taparymyz ýaly.

XS
SM
MD
LG