Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa: Gozgalaňçylar howa bazasyny eýeledi


Siriýanyň döwlet telewideniýesi gozgalaňçylaryň iki ýyllap dowam eden gabawdan soň ýurduň demirgazyk-günbataryndaky harby howa bazasyny ele salandygyny habar berdi.

Maglumatda 9-njy sentýabrda Abu Zuhour howa bazasynda hökümet güýçleriniň “öz pozisiýalaryny göçürip, başga ýere geçendikleri habar berildi.
Hüjümi amala aşyran söweşijileriň yslamçy gozgalaňçylaryň, şol sanda “Al-Kaýdanyň” Siriýadaky ýarany “Jabhat al-Nusra” toparynyň koalisiýasy bolandygy aýdylýar.

Bazanyň ele salynmagy hökümet güýçleriniň Indib regionynda duçar bolan soňky şowsuzlyklarynyň biridir. Regionyň uly bölegine prezident Başar al-Assadyň režimine garşy çykýan söweşijiler tarapyndan gözegçilik edilýär.

XS
SM
MD
LG