Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hamenei: Eýran ABŞ bilen 'başga meseleleri' gepleşmez


Eýranyň Baş ruhany lideri Aýatolla Ali Hamenei, 9-njy sentýabr, 2015
Eýranyň Baş ruhany lideri Aýatolla Ali Hamenei, 9-njy sentýabr, 2015

Eýranyň Baş ruhany lideri Aýatolla Ali Hamenei Tähranyň dünýä liderleri bilen ýurduň ýadro programmasy boýunça ylalaşykdan daşary ABŞ bilen gepleşiklere girişmejekdigini aýtdy.

Hameneiniň öz websaýtynda 9-njy sentýabrda çap edilen çykyşynda Tähranyň Waşington bilen ýadro meselesini “aýratyn sebäplere görä” ara alyp maslahat edýändigi aýdyldy.

“Biz Amerika bilen başga meseleler boýunça gepleşiklere rusgat bermeris”, diýip Hamenei belledi.

14-nji iýulda gelnen ylalaşyga görä, sanksiýalar tapgyrlaýyn ýatyrylar, Eýran bolsa öz ýadro programmasyny çäklendirer.

Hameneiniň by çykyşy Eýranyň prezidenti Hassan Rohaniniň Yslam Respublikasynyň ABŞ bilen Siriýadaky urşy soňlamagyň ýollary barada gepleşiklere taýýardygyny aýtmagynyň yzýany edildi.

XS
SM
MD
LG