Sepleriň elýeterliligi

ÝB 'migrantlar planyny' hödürleýär


Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Jean-Klaude Junker, Belgiýa, 9-njy sentýabr, 2015

Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Jean-Klaude Junker, Belgiýa, 9-njy sentýabr, 2015

Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Jean-Klaude Junker Ikinji Jahan Urşundan bäri Ýewropanyň ýüzbe-ýüz bolan iň uly migrantlar akymy bilen bagly çäreler boýunça adatdan daşary plany öňe sürdi.

9-njy sentýabrda Ýewropa Parlamentinde eden çykyşynda Junker häzir Gresiýada, Wengriýada we Italiýada ýerleşýän 160 müň bosguny Ýewropa Bileleşiginiň çäginde göçürmek programmasyny öňe sürdi.

Junker programmanyň ÝB-niň her bir ýurdunyň kabul etjek bosgunlarynyň, esasan siriýaly bosgunlarynyň sany boýunça hökmany çäklendirmeleri öz içine almalydygyny belledi.

Junker plany ÝB-niň içeri işler ministrleriniň 14-nji sentýabrda geçirjek duşuşygynda goldamaga çagyrdy.

Germaniýa bosgunlaryň barýan esasy ýurdy bolup, çäklendirmeleri goldaýar.

Junker 2015-nji ýylyň başyndan bäri esasan Ýakyn Gündogar we Afrika ýurtlaryndan Ýewropa 500 müň çemesi migrantyň barandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG