Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Elizabet II iň uzak möhletli patyşa


Britaniýanyň patyşasy Elizabet II, 8-nji sentýabr, 2015
Britaniýanyň patyşasy Elizabet II, 8-nji sentýabr, 2015

Patyşa Elizabet II 9-njy sentýabrda Britaniýanyň taryhynda iň uzak waglap patyşalyk eden monarh hökmünde wajyp senesini belleýär.

Onyň patyşalyk möhleti 63 ýylyň we ýedi aýyň dowamynda patyşalyk eden mamasy Wiktoriýanyň möhletinden geçdi.

Premýer-ministr Dawid Kameron britanlaryň millionlarçasynyň bu “taryhy pursady” dabaralaýandygyny aýtdy.

“63 ýylyň dowamynda onuň alyhezreti üýtgäp durýan dünýäde durnuklylygyň binasy boldy we onuň öz wezipesine we borçlaryna tutanýerli çemeleşmegi diňe bir Britaniýada däl, eýsem tutuş dünýäde buýsanç döretdi” diýip Kameron aýtdy.

Patyşa Elizabet senäni öz adamsy şazada Filip bilen dynç alýan ýeri Şotlandiýada bellär.

89 ýaşly patyşa 1952-nji ýylda kakasy patyşa Georg VI aradan çykansoň tagta geçipdi.

XS
SM
MD
LG