Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Siriýada Orsýetiň harby bilermenleri bar'


Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň metbugat-wekili Maria Zaharowa
Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň metbugat-wekili Maria Zaharowa

Orsýetiň Daşary işler ministrligi orsýetli harby bilermenleriň Siriýada bardygyny boýun aldy.

Ministrligiň metbugat-wekili Maria Zaharowanyň 9-njy sentýabrda aýtmagyna görä, bilermenler Orsýetiň Siriýa ýarag ibermegine kömek berýär. Moskwa bu ýaraglaryň terrorizme garşy göreşmek maksatly iberilýändigini aýdýar.

Şeýle-de Zaharowa ABŞ-nyň Gresiýadan we Bolgariýadan öz howa giňişliklerini Orsýetiň uçarlary üçin ýapmagyny sorandygyny aýtdy we munuň “halkara derejesindäki gödeklikdigini” belledi.

Munuň öňüsyrasynda Waşington “Orsýetiň Siriýada goşmaça harbylaryny we uçaryny ýerleşdiren bolmagyna aladalanma bildirýändigini” mälim edipdi.

Ak Tamyň metbugat-wekili Joş Earnest Orsýetiň Siriýada harby taýdan ornaşmagynyň “Yslam döwleti” toparyna garşy ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýasy bilen “gapma-garşylyga” getirip biljekdigini belledi.

XS
SM
MD
LG