Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Junker: ÝB-niň serhedi eldegrilmesiz


Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Jean-Klaude Junker ÝB-niň howpsuzlygynyň we serhetleriniň “eldegrilmesizdigini” duýdurdy.

“Men Moskwada muňa anyk düşünmeklerini isleýärin”, diýip Junker Ýewropa Parlamentinde 9-njy sentýabrda eden çykyşynda aýtdy.

Şeýle-de Junker “Baltiýa döwletleri we Polşa Ýewropa Bileleşiginiň iňňän wajyp agzalarydyr we olaryň howpsuzlygyna we serhetlerine howp abananda biziň şol ýerde bolmajagymyzy pikir etmeli däl” diýip belledi.

Ukrainadaky uruş Moskwanyň Günbatar bilen gatnaşyklaryny Sowuk Urşy döwründen bäri görlüp-eşidilmedik derejede peseltdi.

XS
SM
MD
LG