Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat ýeňilleşdirilen wizany wagtlaýynça ýatyrdy


Türkmenistanyň prezidentiniň köşgi.
Türkmenistanyň prezidentiniň köşgi.

Türkmenistan Gazagystan bilen aradaky ýeňilleşdirilen wiza düzgünini wagtlaýynça ýatyrdy diýip, iki ýurduň arasyndaky “Temir-baba” serhet geçelgesinden serhet gullugynyň jogapkär resmileri Azatlyk Radiosyna habar berdiler.

Gazak serhediniň resmileri 9-njy sentýabrda telefon arkaly beren habarynda iki ýurduň arasyndaky ýeňilleşdirilen wiza düzgüniniň wagtlaýyn ýatyrylmagynyň sebäpleri barada jikme-jik maglumat bermekden saklandylar. Şol bir wagtyň özünde olar bu çäräniň 1-nji sentýabrdan başlap güýje girendigini we onuň 12-nji sentýabra çenli dowam etjekdigini bellediler.

Munuň bilen bir wagtda Gazagystanyň käbir neşirleri türkmen-gazak araçägindäki ýeňilleşdirilen wiza düzgüniniň wagtlaýynça ýatyrylmagyny türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Balkan welaýatyna edýän sapary bilen baglanyşdyrýarlar.

Berdimuhamedow Balkanda

Ýatladyp geçsek, häzirki wagtda prezident Berdimuhamedow 10-njy sentýabrda geçiriljek “Ýaşulular maslahatyna” gatnaşmak üçin ýurduň günbatar welaýatynyň Türkmenbaşy şäherine sapar edýär.

Gazagystanyň “КазТАГ” internet neşiriniň ýurduň Maňgyşlak (gazakçasy: Mangistau) oblastynyň döwlet girdejileri boýunça departamentiniň metbugat wekiline salgylanyp berýän maglumatynda: “Türkmenistan ýurduň ýolbaşçysynyň serhet etraplaryna edýän sapary bilen baglanyşykly araçäkdäki howpsuzlyk çärelerini güýçlendirýär. Şu sebäpli Türkmenistan 12-nji sentýabra çenli daşary ýurt raýatlarynyň “Temir-baba” serhedinden geçmegini wagtlaýynça togtadýar” diýip ýazýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň ilaty Gazagystanyň Atyrau we Maňgyşlak welaýatlaryna, Gazagystanyň agzalan welaýatlarynyň ilaty-da Türkmenistanyň Balkan welaýatyna bäş günüň dowamynda wizasyz sapar edip bilýärler.

Häli-şindi gaýtalanýar

Häzirki wagtda Türkmenistan-Gazgystan araçäginden iki tarapa “Temir-baba” awtoulag gümrük nokadyndan we “Boşalak demirýol gümrük nokadyndan geçip bolýar.

Gazgystanyň Türkmenistan bilen aradaky “Temir-baba” serhet geçelgesiniň jogapkär işgärleriniň aýtmagyna görä, Türkmenistan iki ýurduň arasyndaky ýeňilleşdirilen wiza düzgünini häli-şindi wagtlaýyn duruzýar.

2014-nji ýylyň maý aýynda hem gazak serhet resmileri Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky ýeňilleşdirilen wiza düzgüniniň Türkmenistan tarapyndan wagtlaýynça ýatyrylandygyny we munuň Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna edýän sapary bilen baglanyşykldygyny aýdypdylar. Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky araçägiň uzynlygy 379 kilometre barabardyr.

XS
SM
MD
LG