Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB-niň Komissiýasynyň bosgunlar boýunça plany


Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Žan-Klaude Ýunker
Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Žan-Klaude Ýunker

Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Žan-Klaude Ýunker (Jean-Claude Juncker) Ýewropa gelýän bosgunlaryň akymy bilen baglylykdaky planyny aýan etdi.

9-njy sentýabrda Ýewropa Parlamentinde eden çykyşynda Ýunker häzirki wagt Gresiýada, Wengriýada we Italiýada saklanylýan 160 müň bosgunlary ÝB-niň giňişliginde gyradeň ýaýratmagy göz öňünde tutýan çäreleri äşgär etdi.

Ýunker ÝB-e agza döwletleriň hökmany kabul edäýmeli bosgunlarynyň kwotalarynyň, ýagny öňünden bellenen sanynyň kesgitlenendigini aýtdy. Gürrüňi gidýän bolsgunlaryň aglabasy Siriýadan gelenler.

Ýunker Ýewropa Komissiýasy tarapyndan maý aýynda 40 müň bosguny ýerleşdirmek baradaky işlenip düzülen planynyň üstüne ýene-de 120 müň bosgunyň goşulandygyny aýtdy.

Ýunker: “Biz 40 müň [bosgun] barada gürrüň etmeýäris. Bu 120 müň hem däl. Bu 160 müň. Ýewropalylar bularyň aladasyny etmeli bolarlar” diýdi.

“Bu hökmany ýagdaýda berjaý edilmelidir“ diýip, Ýunker sözüniň üstüne goşdy.

Bosgunlaryň aglabasyny kabul etmegi öz üstüne alan Germaniýa kesgitlenen kwotalary goldaýar. Emma ÝB-niň käbir döwletleri, şol sanda Wengriýa hem bu çärelere garşy çykýarlar.

Ýunkeriň çykyşyndan soň, Slowakiýanyň daşary işler ministri Miroslaw Lajçak Bratislawanyň kabul etmeli bosgunlaryň kwotasyny kabul etmeýändigini yglan etdi. Şeýle-de ol Slowakiýanyň bosgunlar krizisi meselesinde Ýewropa Komissiýasyna çendenaşa ygtyýarlyklaryň berilmegine garşydygyny aýtdy.

Çehiýanyň premýer-ministri Bohuslaw Sobotka Praganyň hem mejbury kwotalara garşy çykýandygyny aýtdy.

Sobotka Ýunkeriň çykyşyna jogap edip, täze planlary düzmän, eýse häzire çenli ylalaşylan öňki çäreleri durmuşa geçirmelidigini nygtady.

Ýunker başpena gözläp gelen bosgunlaryň dokumentlerine seredilýänçä, olara işlemek we pul gazanmak mümkinçilikleriniň döredilmelidigini hem aýtdy.

Ýunker 2015-nji ýylyň başyndan bäri Ýewropa Ýakyn Gündogardan we Afrika ýurtlaryndan 500 müň bosgunyň gelendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG