Sepleriň elýeterliligi

Akýagyz şahyr lakam bilen 'aldady'


Amerikan şahyry Maýkl Derrik Hadson (Michael Derrick Hudson)

Amerikan şahyry Maýkl Derrik Hadson (Michael Derrick Hudson)

"Theguardian.com" neşiri akýagyz şahyryň hakyky adyny gizläp, hytaý lakamy bilen ýylyň «Iň gowy amerikan goşgulary» antologiýasyna girendigini habar berýär.

Metbugat materiallaryndan mälim bolşuna görä, redaktorlar Ýi-Fen Çouň 2015-nji ýylyň antologiýasyna girizilen we 8-nji sentbrda çap edilen goşgusyny hatda awtor hakyky adyny aýan edeninden soň hem saklap galmak kararyna gelipdirler.

«Eger bu 2015-nji ýylyň iň gowy amerikan goşgularynyň biri bolsa, onuň çap edilmegi üçin birnemejik azap etmeli» boldy» diýip, Maýkl Derrik Hadson aýdypdyr.

«Iň gowy amerikan goşgulary» antologiýasynyň 2015-nji ýyldaky neşiriniň arka ýüzünde Ýi-Fen Çouň hakykatda indianaly Maýkl Derrik Hadsondygy aýan edilýär. Ýöne onuň goşgusy bu ýygynda diňe hytaý lakamyny alanyndan soň seçilip alnypdyr.

Hadson öz goşgularynyň, hakyky ady bilen iberilende, onlarça gezek ret edilendigini we ahyrynda aziýalynyň adyny edebi lakam edip almak kararyna gelendigini gürrüň berýär.

Ýylyň iň gowy amerikan goşgulary azyndan müň sany goşgynyň içinden seçilen 75 goşgudan ybarat bolup, antologiýa girizilen goşgular şu günki amerikan poeziýasynyň esasy ugruny aňlatmaly. Bu antologiýa 1988-nji ýyldan bäri çap edilýär we ilkinji gezek internetde agyr tankyda sezewar boldy diýip, onuň neşirçisi Skribner aýdypdyr.

Ýöne milli kitap sylagynyň eýesi we antologiýanyň myhman redaktorlarynyň biri Şerman Aleksiý bu goşgynyň ýygynda girizilmegini gorap çykyş etdi. Onuň «Iň gowy amerikan goşgusy» blogunda çap edilen uzyn makalasy şygryýet muşdaklary tarapyndan hem öwüldi, hem tankyt edildi.

Şerman Aleksiý özüniň Ýi-Fen Çouň akýagyz şahyryň edebi lakamydygyny diňe goşgyny saýlap alanyndan soň, ýagny onuň awtory öz hakyky adyny açanyndan soň bilendigini aýdýar.

Aleksiý: “Elbetde, men özümiň bu ýigit tarapyndan oýnalandygyma gaharlandym. Men ony sessiz näletledim we 'indi bu kolonial ogurlykdan nädip baş çykarmaly?' diýip, bu goşgyny gaýtadan okap gördüm" diýýär.

Şeýle-de ol, eger bu goşgyny almaly däl, taşlamaly diýen karara gelen bolsam, birinji ýalňyşyma görä-de has uly ýalňyşlyk etdigim bolardy diýýär.

Aleksiý, özi hem ýerli amerikan bolansoň, bu goşgy hytaýly amerikanyň goşgusy diýip, oňa eglişikli garandygyny boýun alýar we munuň «edebi jemgyýetçiligiň içindäki ak garyndaşparazlygyň köp mysallarynyň biridigini», şeýlelikde, özüniň hem «garyndaşparazlyk edýändigini» aýdýar.

Degişli makalalar

XS
SM
MD
LG