Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Facebook firmasynyň habar bermegine görä, Internetde wideo garakçylygynyň öňüni almak üçin täze enjam synagdan geçirilýär.

Firmanyň habaryndan çen tutsaň, onda täze döredilen wideoderňew tehnologiýasy saýlanyp alnan islendik materialyň awtorlaryna onuň Facebook sosial ulgamynda rugsatsyz goýlandygyny habar bermäge ukyply.

Awgust aýynda "YouTube" ulgamynyň "tanymal şahsyýetlerinden" biri bolan Hank Green Facebook sosial ulgamynyň wideogarakçylara perwaýsyz garamagyny berk tankytlap, blog makalasyny ýazdy.

Facebook soňky wagtlarda öz wideo biznesini has hem ösdürmäge synanyşýar. Facboogyň planynda wideoreklamalaryň sahypada goýulmagy hem ilkinji gezek has giňräk orun alar.

Şol bir wagtyň özünde iýun aýynda geçirilen bir barlagyň netijesi Facebook sosial ulgamyndaky iň ýörgünli wideolaryň ýüzden 83-niň başga internet sahypalaryndan "göçürilip alnandygynyň" üstüni açypdyr.

Boljagy bolandan soňmy?

Facebook firmasynyň aýan etmegine görä, täze bellik ulgamy millionlarça wideony sosial ulgama goýlan badyna gysga wagtyň içinde awtorlyk haky taýdan derňär we diňe material düzgüne laýyk gelen ýagdaýynda sahypda goýulmagyna rugsat berer. Awtorlar hem öz materiallarynyň sosial ulgam sahypalaryndan pozulyp aýrylmagy üçin ýüz tutyp bilerler.

Täze tehnologiýa tilsimi doly hyzmata girizilýänçä, derňew ygtyýary "şärikli işdeşleriň kiçeňräk bir toparynyň" ygtyýaryna berler.

Habara görä, täze wideoderňew tehnologiýa tilsimi diňe bir wideolary däl, eýse olaryň epizodlaryny, fragmentlerini hem awtorlyk hukugy taýdan derňäp biler.

Hünärmenler bolsa wideo goýlandan soň geçjek birnäçe sagadyň "pursadyň altyn penjiresi" boljakdygyny belleýärler. Ýagny, başgaça aýdylanda, awtora habar berlip, soňra-da zerur çäre görülýänçä, meger boljak iş bolup ýetişse gerek.

XS
SM
MD
LG