Sepleriň elýeterliligi

Ukraina: Ýerli saýlaw maslahat edildi


Orsýet, Ukraina, Germaniýa we Fransiýa Ukrainanyň separatist gündogarynda ýerli saýlawlary geçirmek meselesini 90 minutlap dowam eden telefon gepleşiklerinde maslahat etdiler, diýip Kreml 9-njy sentýabrda habar berdi.

Minskde gelnen ylalaşyklara görä, separatist regionlar ýerli saýlawlary “Ukrainanyň kanunçylygyna we kanunlaryna laýyklykda ýylyň aýagynda geçirmeli.

Muňa garamazdan Orsýet tarapyndan goldanýan separatistler ýerli saýlawlary özleriniň şertlerine görä geçirmek isleýärler, şol sanda Ukraina tarapdar dalaşgärleri hasaba almakdan we ses berişligi Ukrainanyň galan böleginde planlaşdyrylyşy ýaly 25-nji oktýabrda geçirmekden ýüz öwürýärler.

Ukrainanyň liderleri gozgalaňçylaryň gözegçiligindäki giňişliklerde “bikanun” saýlawlary geçirmäge islendik synanyşygyň fewral aýynda gelnen ylalaşyklary bozýandygyny, bu garaýyş bilen Germaniýanyň kansleri Angela Merkeliň we Fransiýanyň prezidenti Fransua Hollandyň ylalaşýandygyny Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko aýtdy.

XS
SM
MD
LG