Sepleriň elýeterliligi

Türkmen Ýaşululary maslahat geçirýärler


Ýaşulular maslahatynda, Daşoguz, 2013.

Ýaşulular maslahatynda, Daşoguz, 2013.

Türkmenbaşy şäherinde Ýaşulular maslahaty öz işine başlady. Maslahatyň gün tertibinde 2016-njy ýylda ýurduň ösüşine we amala aşyrylýan reformalaryň batlandyrylmagyna degişli meseleleriň durýandygy habar agentlikleriniň maglumatlarynda aýdylýar.

Habar berilişine görä, Türkmenistanyň prezidentiniň çykyşynda türkmen ykdysadyýetiniň binýadyny tutýan nebit-gazyň dünýäde nyrhlarynyň peselmegi bilen bagly şertlerde ýurduň ykdysady ösüşine esasy üns beriler.

Türkmenistanyň prezidentiniň ýolbaşçylygyndaky maslahat beriji organy bolan Ýaşulular maslahatyna ýurduň her bäş welaýatyndan we Aşgabatdan jemi 600 wekil gatnaşýar. G.Berdimuhamedowyň teklibi boýunça maslahatlar ýylda azyndan bir gezek geçirilýär.

Ilkinji Ýaşulular maslahaty 1990-njy ýylda Aşgabatda geçirilipdi.

XS
SM
MD
LG