Sepleriň elýeterliligi

Müňlerçe ýaponiýaly silden ejir çekýär


Ýaponiýanyň demirgazyk-gündogarynda güýçli ýagyşlaryň netijesinde siliň we ýer süýşmesiniň döremegi zerarly 100 müňden gowrak adam öz öýlerini terk etdi.

Iki günläp dowam eden güýçli ýagyşdan soň 10-njy sentýabrda Kinugawa derýasynyň kenarlary opuryldy we Tokiodan demirgazyk tarapdaky Joso şäherine güýçli sil geldi.

Azyndan ýedi adam ýitirim boldy we 17 adam ýaralandy.

Ýagyş Ýaponiýanyň merkezinden geçip, 15 adamyň ýaralanmagyna sebäp bolan Etau tropiki tupanyň yzýany ýagyp başlady.

XS
SM
MD
LG