Sepleriň elýeterliligi

Adama meňzeş täze janly tapyldy


Alymlar Günorta Afrikanyň dag gowaklarynda adama meňzeş janlylaryň täze bir görnüşini tapandyklaryny aýdýarlar.

Johannesburgyň Witwatersrand uniwersitetiniň alymlarynyň 10-njy sentýabrda aýtmaklaryna görä, Homo Naledi diýlip at berilen janly häzirki we ozalky döwürleriň alamatlaryny özünde jemleýär. Onuň beýni çanagynyň mundan dört we iki million ýyl mundan ozal ýaşan irki adamlara mahsus. Şeýle-de onuň adamyňky ýaly dabany, egni bar.

Alymlar tapyndysynyň gowaga nädip düşendigini we näçe wagtlap ýatandygyny anyk bilmeýärler, emma açyşyň adamzadyň gelip çykyşyna täzeçe garalmagyna ýol açýandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG