Sepleriň elýeterliligi

Moldowanyň protest liderleri bilen tanyş boluň


Andreý Nastase.

Andreý Nastase.

"Mertebe we hakykat" atly raýat hereketi ýurtdaky korrupsiýa we syýasy partiýalaryň oňa garşy hiç bir iş etmeýandigine ünsi çekip, Moldowada köp adamlary aýak üstüne galdyrdy.

Ol Kişinýowda dört sany uly demonstrasiýany gurnady. 6-njy sentýabrda Moldowanyň postsowet taryhynda bolup geçen iň uly proteste on müňlerçe adam gatnaşdy.

Indi bolsa "Mertebe we hakykat" paýtagtyň merkezinde "erkinlik şäheri" diýen at bilen çadyrlardan ybarat bir lager gurdy. Ol prezident häkimiýet başyndan çekilip, hökümet täze saýlawlaryň geçirilmegi bilen ylalaşýança lager bu ýerden ýygnalmaz diýýär.

Guramanyň fewralda çykan platforma manifestinde ”Mertebe we hakykatyň” esasy maksady "döwleti ýesirlikden çykaryp, Moldowany Ýewropa integrirlenmäge tarap hakyky ýola salmak" diýilýär.

“Derňeýji žurnalistika

Bu beýannama syýasy taýdan garaşsyz 14 sany raýat aktiwistleri gol çekipdir. Mertebe we hakykatyň kollektiw ýolbaşçylygyny düzýän hem şolar. Platforma döräli bäri hiç biri baştutan bolup öňe çykman, hereketiň sözçülik wezipesini şu adamlar gezekleşip ýerine ýetirýärler.

Bularyň biri tanymal syýasy analizçi we kommentator Igor Botan. Ol 7-nji sentýabrda Azatlyk Radiosynyň Moldowa gullugyna beren interwýusynda şeýle diýdi: "Biz resmi taýdan hiç bir gurama degişli bolmadyk topar. Ýöne maksadymyz bir. Biz Moldowany adaty durmuşa dolandyrmak üçin, halka ýüzlenip kömek soraýarys. Biz şuny aýdýarys: ildeşler, biz ýurdy oligarhiýa düzgüninden halas etmek üçin bir raýat hereketini döretdik. Sizi şoňa goşulmaga çagyrýarys".

14 adamyň ýene biri Kornelia Kozanak. Ol derňeýji žurnalist we “Derňeýji žurnalistika” merkeziniň direktory.

Mihai Manole öňki maliýe ministri, şeýle hem Moldowanyň Birleşen Ştatlardaky öňki ilçisi.

Andreý Nastase tanymal aklawçy. Ol aýratyn-da moldowaly oligarh Wladimir Plahotnuiçi tankytlap gelen adam.

“Mertebe we hakykat”

Ol Azatlyk Radiosy bilen bolan söhbetdeşlikde “Mertebe we hakykat” umumy dialogy ösdürmek üçin döredilen raýat hereketi bolup galar, ýöne onuň bir syýasy herekete öwrülmegi-de mümkin diýdi.

"Bu graždan platformasynyň – ol graždan platformasy bolup hem galar - uly mümkinçiligi bar. Ol bir syýasy platformany döretmek üçin bu işe iň ýaramly adamlaryň häýsy prinsip boýunça saýlanmagy barada çekişip, ähli kriteriler hakda ylalaşdy. Munuň graždan platformasy, ýagny jemgyýetiň belli bölegi bilen Moldowa respublikasynyň ýolbaşçy şahsyýetleriniň öz güýçlerini birikdirmegi üçin bir pursat bolmagy mümkin" diýip, Nastase aýdýar.

Andreý Nastasäniň dogany Wasile Nastase Moldowanyň ilkinji parlamentinde halk wekilidi. Ol awgust aýynda beren interwýusynda hökümetiň şahsy bähbitleriň "ýesiridigini" nygtady.

Wasile Nastase bu hakda şeýle diýdi: "Biz häzir Moldowanyň garaşsyzlygynyň 24-nji ýyl dönümini belleýäris. Garaşsyzlyga ses berenleriň ählisi [indi] bu bir ýas güni diýip gygyryp, açyk aýdýarlar. Garaşsyzlyk güni başa barmadyk döwletiň ýas sazy".

Walentin Dolganuiç moldowan parlamentiniň öňki agzasy we ýurduň premýer-ministriniň öňki orunbasary. Ol häzir syýasy analizçi bolup işleýär.

Dolganuiç 7-nji sentýabrda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda “Mertebe we hakykatyň” Moldowada syýasy ýagdaýy durnuksyzlaşdyrmak ýa ýurdy Ýewropa integrirlenme ýolundan çykarmak niýetiniň ýokdugyny nygtady.

"Biz öz geljegimizi diňe Ýewropada görýäris. Sebäbi demokratiýa Ýewropada. Sebäbi Ýewropada raýatlar we raýatlyk bähbitleri üçin sud sistemalary bar. Sebäbi Ýewropada hökümeti ýesir alyp bolanok. Sebäbi Ýewropada döwlet institusiýalaryny syýasylaşdyryp bolanok. Ine, Moldowada bolan zada serediň. Bizde ministr ýok. Diňe syýasy partiýalaryň öz maksatlaryny amala aşyrmak üçin bellän komissarlary bar".

XS
SM
MD
LG