Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Berlinde Leniniň heýkeli gazylyp çykaryldy


Işçiler Leniniň heýkelini gazyp çykarýarlar, Berlin, 10-njy sentýabr, 2015

Işçiler Leniniň heýkelini gazyp çykarýarlar, Berlin, 10-njy sentýabr, 2015

Germaniýanyň häkimiýetleri Bolşewist rewolýusiýasynyň lideri Wladimir Leniniň heýkeliniň ägirt uly kellesini ýerden gazyp çykardylar. Kelle Berlin diwarynyň ýumrulmagyndan 25 ýyl geçensoň Berliniň etegindäki tokaýdan gazylyp çykaryldy.

Işçiler 3.5 tonnalyk skulpturany 10-njy sentýabrda gazyp çykardylar we ýük ulaga ýüklediler.

Leniniň heýkeliniň 1.7 metrlik kellesi “Berlin we onuň monumentleri” atly serginiň merkezinde ýerleşdiriler.

Tapyndy Gündogar Berlinde öň Leninplatz adyny göteren köçede duran heýkeliň bir bölegidir.

Berliniň birleşmeginden soňky şäheriň ilkinji häkimi Eberhard Diepgen 1991-nji ýylda heýkeli ýumurmagy tabşyrypdy we şäheri “adamlary yzarlan we öldüren diktaturanyň” alamatlaryndan arassalamak isleýändigini aýdypdy. Şonda heýkel 130 sany bölege parçalanyp, tokaýda ýere gömülipdi.

XS
SM
MD
LG