Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Parlamentiň Eýran boýunça plany üýtgedi


ABŞ-nyň Kongressiniň Respublikan liderleri Eýran babatyndaky ylalaşyk boýunça 9-njy sentýabrda ses berişlik geçirmek planyny ylalaşyga çürt-kesik garşy çykyş edýän konserwatiw kanun çykaryjylaryň basyşy astynda üýtgedendigini aýdýarlar.

Şu hepdede Senatda maslahat edilişi ýaly makullamazlyk baradaky rezolýusiýa boýunça ses bermegiň ýerine Kongress 10-njy sentýabrdan başlap ylalaşyk boýunça üç sany ses berişlik geçirer.

Bu üýtgeşiklik konserwatorlaryň meselede üstün çykmak üçin wagt utmak strategiýasyna eýerýändigini görkezýär. Olar Ak Tamyň ylalaşyk barada Kongressiň garamagyna doly informasiýany bermek boýunça borjuny ýerine ýetirmändigini aýdýarlar.

Ýapyk gapylaryň aňyrsynda konserwatorlar Obamanyň Eýranyň we BMG-niň Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň arasynda gözegçilik barada gelnen ylalaşygynyň “gizlin taraplary” barada doly maglumat bermändigini aýdyp ses berişlik geçirmäge ynandyrdylar.

BMG-niň agentligi ylalaşygyň käbir taraplarynyň aýratyn ähmiýete eýedigini we Eýranyň hem dünýä liderleriniň arasynda ylalaşylyşyna görä Kongresse doly mälim edilip bilinmeýändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG