Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO Orsýetiň harby aktiwliginden aladaly


NATO-nyň baş sekretary general Jens Stoltenberg amerikan esgerleriniň öňünde, Praga, 9-njy sentýabr, 2015
NATO-nyň baş sekretary general Jens Stoltenberg amerikan esgerleriniň öňünde, Praga, 9-njy sentýabr, 2015

NATO we ABŞ Orsýetiň Siriýada harby aktiwliginiň artdyrylýandygy baradaky maglumatlar bilen baglylykda aladalanma bildirýärler.

NATO-nyň baş sekretary general Jens Stoltenberg 9-njy sentýabrda Praga eden saparynyň dowamynda eger maglumatlar tassyklansa, Orsýetiň goşulyşmagy “konfliktiň çözgüdine goşant goşmaz”, diýdi.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri orsýetli kärdeşi Sergeý Lawrowy bildirilýän aladalanmalar barada maglumat bermäge çagyrdy.

Orsýetiň Daşary işler ministrligi Lawrowyň “Siriýanyň uly bölegini basyp alan terrorçy toparlara bileleşdirilen jogabyň berilmeginiň ähmiýetini nygtandygyny” habar berdi.

XS
SM
MD
LG