Sepleriň elýeterliligi

TWP: ABŞ-nyň goldawy bilen adam hukuklaryny basgylaýan liderler


Özbegistanyň prezidenti Yslam Karimow.

Özbegistanyň prezidenti Yslam Karimow.

“The Washington Post” (TWP) gazeti, döwlete salgyt töleýän raýatlar bilen bilelikde ýolbaşçylary hut ABŞ-nyň goldawy bilen adam hukuklaryny basgylaýan liderler bilen tanyşdyrmagy maksat edinipdir.

Gazet öňňin çap eden makalasynda, dünýäde adam hukuklaryny basgylaýan bäş ýurduň liderleriniň adyny agzap, olardan Özbegistanyň prezidenti Yslam Karimow barada bolsa ýörite durup geçipdir.

Karimowa berilýän goltgynyň sebäpleri

“The Washington Post” gazetiniň ýazmagyna görä, kommunistik partiýanyň owalky ýolbaşçysy Yslam Karimow Özbegistana gaty berk daraýar. Ol, 1991-nji ýylda Sowet Soýuzyndan aýrylan badyna ýurtda bar bolan ähli syýasy oppozisiýany ýok edip, metbugat işgärleridir ähli beýleki garşydaşlaryny tussag edipdir.

Tanymal gazet: “Adam hukuklaryny goraýanlaryň aýtmagyna görä, Özbegistanda çagalar ýörite mejbury zähmete çekilýär. Režime garşy bolanlar üznüksiz yzarlanýarlar. Ýurtda adam hukuklarynyň gödek bozulmagyna getiren iň gynançly ýagdaý 2005-nji ýylda bolup geçdi. Şonda Karimowyň howpsuzlyk güýçleri Andijanda ýöriş geçirýän halk köpçüligini oka tutdy. Şeýlelikde aktiwistler bilen bir hatarda ýüzlerçe adam öldürildi” diýip ýazýar.

Makalada Obamanyň hökümetiniň indi ABŞ-nyň Owganystan syýasaty barasynda Özbegistanyň örän wajyp rol oýnaýandygy, şeýle-de “Yslam döwleti” toparynyň Orta Aziýadaky ýurtlarda barha ýaýbaňlanýandygy sebäpli Karimowa goltgy berýändigi aýratyn nygtalyp geçilýär.

“The Washington Post” öz makalasynda: “Şu ýyl Birleşen Ştatlar Karimowyň harbylaryna üç ýüze golaý bronemaşyn, ýagny sowutly harby ulag sowgat etdi. Bu ABŞ-nyň şu wagta çenli owalky Sowet Soýuzynyň Orta Aziýadaky ýurtlaryna edilen iň uly harby serpaýydyr” diýip belleýär.

Rahmon bilen Berdimuhamedow hem Karimow bilen bir hatarda

Amerikan metbugat organy öz makalasynda Orta Aziýa ýurtlaryndan ýene iki prezidentiň adyny agzap geçipdir. Olar öz ýurtlarynda adam hukuklaryny basgylaýan Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon bilen Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowdyr.

“The Washington Post” gazetiniň ýazmagyna görä, Emomali Rahmon ýurdy dolandyrýan mahaly Täjigistanda adam hukuklarynyň ýagdaýy hasam ýaramazlaşypdyr. Ol öz garşydaşlaryny we garaşsyz metbugaty sem edipdir.

“The Washington Post” Human Rights Watch gurmasynyň maglumatlaryna salgylanyp, onuň howpsuzlyk güýçleri, etmedik günälerini öz boýnuna almagy üçin adamlary yzygiderli gynaýarlar” diýip ýazýar.

Freedom House atly halkara guramanyň beýannamasyna görä, Täjigistan diktatura režimi tarapyndan awtoritar görnüşde dolandyrylýan bir ýurtdur. Muňa garamazdan Waşington, Owganystandaky bähbitleri, radikal yslam söweşijilerine we Orta Aziýada neşe garakçylygyna garşy göreş üçin Emomali Rahmon bilen hyzmatdaşlygy ähmiýetli hasaplaýar.

“The Washington Post” gazetindäki makalanyň Türkmenistanyň prezidenti baradaky bölegi şeýle sözler bilen başlanýar: “2006-njy ýylda häkimýet başyna geçen Berdimuhamedow bolsa dünýäniň iň repressiw ýurduny dolandyrýar” .

Makalada Türkmenistanda, metbugat azatlygyndan başlap, din azatlygyna çenli adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň hemmesiniň diýen ýaly berk çäklendirilendigi aýratyn nygtalýar.

“The Washington Post” gazetiniň ýazmagyna görä, “Berdimuhamedow we onuň maşgala agzalary ýurduň jemgyýetçilik durmuşyny doly öz eýeçiligine aldylar. Human Rights Watch guramasynyň maglumatyna görä, 1990-njy ýyllaryň ahyrynda we 2000-nji ýyllaryň başynda bolan köpçülikleýin tussag edişliklerde basylanlaryň maşgalalary henize çenli olaryň ykbaly barada habar alyp bilmeýärler”.

Amerikan gazetiniň ýazmagyna görä, Aşgabat Washington üçin ABŞ-nyň Owganystandaky bähbitleri taýdan ähmiýetli ýurt hasaplanýar.

ABŞ-nyň goltgusy bilen Orta Aziýadaky ýurtlarda adam hukuklaryny basgylaýan üç prezident baradaky makalada, olar bilen bir hatarda Bahreýniň şasy Hamad ibn Isa al-Halifa bilen Ekwatorial Gwineýanyň prezidenti Teodoro Obiang Ngema Mbasogonyň ady hem ýatlanylýar.

“The Washington Post” gazeti makalanyň ahyrynda öz okaýjylaryna ady agzalan liderlere amerikan halkynyň satgytlary bilen goldanýan hökümet tarapyndan goltgy berilýändigini ýatladyp geçýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG