Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen aýallarynyň we çagalarynyň ýagdaýy öwreniler


Türkmenistanyň Statistika boýunça döwlet komiteti aýallaryň we çagalaryň ýagdaýyny öwrenmek boýunça barlag geçirer.

Hökümetiň kararyna görä, 2015-nji ýylyň 27-nji sentýabryndan başlap 2016-njy ýylyň 15-nji ýanwaryna çenli ýurduň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde geçiriljek barlaglar müňlerçe hojalyklarda geçiriler.

Resmi maglumatlara görä, çäräniň maksady çagalaryň we aýallaryň ýagdaýyna gözegçilik edip, BMG-niň Müňýyllyk maksatnamalaryna we beýleki halkara borçnamalara ýetmek boýunça öňegidişlige baha bermekden ybarat.

Statistika boýunça döwlet komitetiniň işgärleri 15 we 49 ýaş aralygyndaky aýallar bar bolan maşgalalarda interwýu geçirerler.

XS
SM
MD
LG