Sepleriň elýeterliligi

'Yslam kommandos' atly täze terror topary döräpdir


Owganystanyň polisiýa güýçleri.

Owganystanyň polisiýa güýçleri.

Ýurduň dürli sebitlerindäki owgan resmileriniň aýtmagyna görä, özüni “Yslam kommandos” diýip atlandyrýan täze terror guramasy ol ýerlerde eýýäm hereket edip başlapdyr. Owganystanda “Talyban”, “Al-Kaýda”, “Yslam döwleti” bilen bir hatarda şolar ýaly ýene bir terror guramasynyň dörändigi belli edilipdir.

Gazni etrabynyň häkimi Muhammad Ali Ahmadi Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda özüni “Yslam kommandos” diýip atlandyrýan toparyň golaýda bu regionda herekete geçendigini bildiripdir. Onuň aýtmagyna görä, bu toparyň agzalarynyň aglabasy häzirki wagtda Owganystanyň demirgazygynda hökümet güýçlerine garşy söweşýärler.

Häkim Ahmadiniň sözlerine salgylansaň, “Bu toparyň esasy bölegi demirgazyk sebitlerde, ýagny Badahşan, Farýab we Gunduz ýaly ýerlerde iş alyp barýarlar”.

Adam zamun almak

Ahmadiniň aýtmagyna görä, bu toparyň bir bölegi şol bir wagtyň özünde Owganystanyň günortasyndaky Zubul, Uruzgan we Kandagar etraplarynda hem ornaşypdyr. Gazniniň häkiminiň orunbasarynyň beren maglumatyna görä bolsa bu topar owal birnäçe gezek adam zamun alynmagyna hem gatnaşypdyr. Olar geçen ýylyň fewral aýynda ýurduň günortasyndaky Zabul etrabynda 31 ýolagçynyň zamun alynmagyna gatnaşanlykda aýyplanýarlar.

Ýolagçylar şonda awtobusda Kabuldan Gandagara gidip barýarkalar, ýaragly adamlar olary Zabul etrabynda saklap, soň näbelli bir ýere äkidipdirler. Berlen maglumata görä, ýolagçylaryň köpüsi soň bendiler bilen çalşylyp, azatlyga goýberilipdir. Galanlarynyň bolsa ykbaly henize çenli bilinmeýär.

Häkim Ahmadiniň bellemegine görä, “Yslam kommandos” topary owal “Talybanlar” bilen hyzmatdaşlyk edipdir, ýöne häzir olara garşy hereket edýärler.

Şol bir wagtyň özünde Zabul etrap geňeşiniň başlygy Ata Hakbaýan hem “Yslam kommandos” atly toparyň agzalarynyň belli bir böleginiň öz sebitiniň adamlarydygyny tassyklapdyr.

Gazni we Zabul etraplarynyň resmileri “Yslam kommandos” toparynyň agzalarynyň sanynyň müňe ýetýändigini çak edýärler.

XS
SM
MD
LG