Sepleriň elýeterliligi

ABŞ 9/11 terrorynyň senesini belleýär


"Ground zero" ýadygärligi, Nýu Ýork

"Ground zero" ýadygärligi, Nýu Ýork

Onlarça müň adamyň 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda ABŞ-da bolan terrorçylykly hüjümleriň 14-nji ýyldönümini bellemek üçin Nýu Ýorkyň “Ground zero” diýlip atlandyrylýan ýerinde jemlenmegine garaşylýar.

Hüjüme sezewar bolan Söwda merkezleriniň duran ýerinde indi memorial meýdança we muzeý ýerleşýär.

Matam çäresinde “Al-Kaýda” terrorçylarynyň basyp alan dört uçary partladyp, amala aşyran hüjümleriniň üç müň çemesi pidasynyň hatyrasyna jaň kalylar we olaryň atlary okalar.

Partladylan uçarlaryň ikisi Dünýä Söwda Merkezine, ikinjisi Waşingtonda Pentagonyň ýerleşýän jaýyna, uçünjisi Pennsylwaniýada partlapdy.

Prezident Barak Obama senäni Marylandyň harby bazasyna sapar edip bellär, goranmak sekretary Aş Karter Pentagonda geçiriljek matam çäresine gatnaşar.

Tutuş ýurt boýunça ençeme çäre geçiriler.

XS
SM
MD
LG