Sepleriň elýeterliligi

Poroşenko: Minsk ylalaşygy gaýra goýulmaly däl


Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko, Kiýew, 8-nji sentýabr, 2015

Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko, Kiýew, 8-nji sentýabr, 2015

Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko gündogar Ukrainadaky konflikti kadalaşdyrmak boýunça Minsk ylalaşygynyň şu ýylyň aýagyna çenli doly berjaý edilmelidigini aýdýar.

“Onuň durmuşa geçirilmegi... 2015-nji ýylda berjaý edilmeli we uzaga çekmeli däl”, diýip Poroşenko 11-nji sentýabrda Kiýewde aýtdy.

Ol prosesi 2016-njy ýyla çenli uzaga çekdirmek boýunça islendik tagallalary ret etmegi Minskdäki gepleşiklerde öz wekili öňki prezident Leonid Kuçma tabşyrandygyny aýtdy.

Bu pikir Ýewropa Parlamentiniň prezidenti Martin Şultz tarapyndan hem öňe sürülipdi we Luhansk hem Donetsk regionlarynda orsýetçi separatistler tarapyndan goldanypdy.

Şeýle-de Poroşenko Moskwanyň Siriýada harby aktiwligini artdyrmagyna 2014-nji ýylda Krymy anneksiýa etmegine “tiz we güýçli jogap bolmazlygynyň” sebäp bolandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG