Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nazarbaýew ýurdy üçin täze at hödürledi


Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew ýurdy “Beýik sähralar ýurdy” diýip atlandyrmagy teklip etdi.

Gazak hanlygynyň 550-nji ýylyny bellemek boýunça Astanada geçirilen dabarada eden çykyşynda Nazarbaýew “Gazagystanyň formal bolmadyk bu ady ýurdumyzyň köpmilletli häsiýetini alamatlandyrar”, diýdi.

11-nji sentýabrda Astanada geçirilýän bu ýyllyk çäre Türkiýäni, Azerbaýjany, Gazagystany we Gyrgyzystany öz içine alýan Türki döwletleriniň geňeşiniň Gazagystanyň paýtagtynda geçirilýän wagtyna gabat gelýär.

Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Aliýew we Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew çärä gatnaşdylar.

Nazarbaýew Gazak hanlygynyň 550-nji ýyl dönümini bellemek pikirini geçen ýyl Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň “Gazaklaryň hiç wagtda döwletçiligi bolmandy” diýip köpçülikleýin eden çykyşynyň yzýany yglan edipdi.

XS
SM
MD
LG