Sepleriň elýeterliligi

'Bolotnaýa' işiniň figuranty ýenjildi


Nikolaý Kawkazskiý

Nikolaý Kawkazskiý

2012-nji ýylda Moskwanyň Bolotnaýa meýdançasynda bolan demonstrasiýalara gatnaşanlara garşy sudlarda esasy aýyplanýanlaryň biri Nikolaý Kawkazskiý näbelli hüjümçiler tarapyndan urlup-ýenjildi.

Kawkazskiý bu maglumaty Twitter hasabynda çap etdi we hüjümçileriň biriniň ulagly, beýlekisiniň pyýada bolandygyny gürrüň berdi.

Onuň AÝ/AR-na aýtmagyna görä, ol “Ýabloko” partiýasyna munisipal geňeşinde ornuň berilmegi ugrunda kampaniýany geçiren wagtynda serhoş adamlaryň hüjümine sezewar bolupdyr. Kawkazskiý öz elinde “Ýabloko” partiýasynyň maglumatlaryny gören hüjümçiler tarapyndan 30 gezek urlandygyny aýtdy.

Kawkazskiý Bolotnaýa meýdançasyndaky protestler bilen baglylykda köpçülik arasynda tertipsizligi döretmekde aýyplandy. Emma oňa garşy gozgalan iş 2013-nji ýylda amnistiýa bilen baglylykda togtadyldy.

XS
SM
MD
LG