Sepleriň elýeterliligi

Gymmat düşen ömür


Şahyr, terjimeçi hem terbiýeçi Kakabaý Gurbanmyradow.

Şahyr, terjimeçi hem terbiýeçi Kakabaý Gurbanmyradow.

Şahyr Kakabaý Gurbanmyradyň hatyra gününe - Gymmat düşen ömür

Alladan gelene çäre ýok, ýöne ýagdaý adamy oýlanmaga mejbur edýär.

Sanly günden, takygy 15-nji sentýabrda şahyr, terjimeçi hem terbiýeçi Kakabaý Gurbanmyradyň aradan çykanyna 40 gün dolýar. Onuň ömür ýoly hem hyzmaty gözümiziň alnynda.

Onuň ýoly

Kakabaý Gurbanmyrat 1945-nji ýylyň maýynda dünýä inipdi, şu ýylyň 6-njy awgustynda hem aradan çykdy. Ol 70 ýaşdan geçdi, ýöne bu oňa agyr düşdi.

Şahyr bir goşgusynda şeýle diýdi.

Ykbalyndan razylaryň biri men,

Göwne karar tapýan ählije zatdan.

Bu durmuşda ynamymy, söýgimi

Geçirdim ençeme gaý-harasatdan.

Onuň aýdýany dogry. Ol herne gelse kaýyl boldy. Durmuşdan zeýrenmezdi, gazanç üçin göze-başa düşüp barmazdy. Baryndan oňňut edip, başyny belent tutup, erkin ýaşady. Şol sada durmuşda dostlary bilen oturyp-turuşmagy-da başarýardy.

Ol Aşgabadyň ilersindäki baýyrlykda bir wagtlaýyn tünek gurup, şonda 15 ýyllap ýaşady. Onuň baş aladasy güzeran – maşgalany ekläp-saklamak hem ogullaryny okatmak, olary kadaly ynsan edip ýetişdirmek boldy. Ol ýarawsyz, näsag ejesine seretmelidi. Bu agyr meselelere maşgalasy Gözel gelneje bilen hötde geldi. Munuň daşyndan özi-de okaýardy, göwnüne ýaran kitaplary satyn alýardy hem döredijilik işini hiç wagt, hiç haçan ünsden düşürenokdy. Ol Moskwa gidip, aspiranturany gutaryp geldi. Goşgular ýygyndylaryny çap etdirdi, eserleriniň rus diline terjime edilmegini, onuň Moskwada çykmagyny gazandy.

Türklerde „Çalyşýan (işleýän) demir pos tutmaz“ diýen nakyl bar. Belki, agyr hem jogapkärli hyzmat Kakabaýa başyny dik saklamaga ýardam edendir.

Hadysa

Iki ýyl mundan öň Türkmenistana, ondan hem dogduk obamyz Baýramala baranymda, “Kakabaýy görüp bolmazmyka?” diýip alada galdym. Bagtyma, Mary ýolunyň ugrundaky şäheriň 8-nji orta mekdebiniň alnynda ol okuwçylara iş görkezip duran ekeni.

Ol beýle bir ýarsmandyr, garrylyga ýan bermändir. Onuň başynyň dikligine, iş ukybyny ýitirmändigine guwandym.

“Şol ynsan ýok” diýenlerinde, muňa gaty geň galdym.

Kakabaýyň ömrüni ortaça ýa-da kadaly hasaplabam bolardy. Ýöne bu ýerde bir möhümlik bar. Kakabaýyň ýaşyndaky şahyrlara “Gurbannazardan soňky nesil” diýilýärdi. Olar sowatlylygy, köp okaýanlygy bilen tapawutlandylar hem poeziýa örän jogapkärli çemeleşdiler.

Şol nesilden, oba şahyry Atajan Annaberdi, ýazyjy hem şahyr Amannazar Aşyr, Ahmet Gurbannepes, indi bolsa Kakabaý Gurbanmyrat ýürek-damar keselleri sebäpli dünýäden ötdüler.

Miras

Ýalňyşmasam, Kakabaýdan kämil terjimeler, örän oňat goşgular hem milli medeniýete degişli makalalar galan bolmaly.

Ol görnükli rus ýazyjysy Wasiliý Ýan barada köp işler etdi hem arhiw materiallaryny toplady. Soňra wenger alymy A. Wamberiniň biziň sebitimize eden syýahaty bilen gyzyklandy. Şahyr Durdy Haldurdy, folklorçy Ümür Esen, bagşy Ödenyýaz Nobat we beýleki döwürdeşlerimiz barada makalalar ýazdy.

Onuň başgalara meňzemeýän, agrasdan gelen çuň mazmunly poeziýasy bardy. Ýurt Garaşsyzlyk alandan soň, Kakabaý Watan barada şeýle ýazdy.

Goý, gül açsyn ömür baky,
Ganat-perim Watanymdyr.
Eginlermiñ üstündaki
Belent serim Watanymdyr.

Sygmaz ol hic galypyña,
Sözler ejiz tarypyña,
Buýsanýaryn taryhyna
Tylla-zerim Watanymdyr.

Watan barada beýle eser döredip bilen şahyra paýtagtdan orun bolmady. Ýurduň taryhy üçin, il-güne haýry degjek kitaplary türkmen diline geçirip duran ynsanyň kitaplary çapdan çykmady.

Medeniýet

Kakabaý örän sypaýy hem aşa medeniýetlidi. Onuň sesini gataldanyny ýa biri bilen dawalaşyp ýörenini hiç haçan görmedim.

Biz bir gezek Daşoguz etrabynda, ýerli özbekleriň arasynda çykyş etdik. Awgust aýydy. Düşelgede, çaý başynda oturdyk welin, ýerlilerden biri: “Haý, bizde çywyn köp-dä” diýip zeýrendi.

Gapdalymyzda duran hojalyk ýolbaşçysy, Aşgabatda bilim alan ýigit: “Siňek köp” diýip, onuň aýdanyny edebi dile geçirdi.

Kakabaý parahat dillendi.

– Bizde şolaryň ikisem köp. Ýörege düşýäler.

Töwerege salkynlyk aralaşan ýaly boldy.

Onuň bilen baglanyşykly gowy ýatlamalar ýoldaşlarynyň ýüregindedir.

Hudaýberdi Hally, ýazyjy.

Bu ýerde aýdylanlar awtoryň şahsy pikiri.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG