Sepleriň elýeterliligi

Kabul: Gollandiýaly zamun boşadyldy


Owganystanda iýun aýynda näbelli adamlar tarapyndan ogurlanan gollandiýaly kömek beriji işgär 81 günlük zamunlykdan soň boşadyldy, diýip Gollandiýanyň Daşary işler ministrligi 10-njy sentýabrda habar berdi.

Anja de Beer Gollandiýanyň Kabuldaky ilçihanasynda özüne gelýär we “ýagdaýa görä özüni gowy duýýar” diýlip resmi maglumatda aýdylýar.

ABŞ-nyň agentliklerinde 15 ýyllap işlän tejribeli işgär de Beer birnäçe ýyl mundan ozal BMG-niň edaralarynda işlemek üçin Kabula iberilipdi we Şweýsariýanyň hökümete degişli bolmadyk Helwetas guramasynda işleýärdi.

E Beer 22-nji iýunda Owganystanyň paýtagtynyň Taimani atly ýerinde öz edarasynyň golaýynda gündiz ogurlanypdy.

XS
SM
MD
LG