Sepleriň elýeterliligi

Orsýet Yrakda 'gazly hüjümleri' derňemekden el çekdi


Orsýetiň BMG-däki ilçisi Siriýada söweşýän toparlaryň himiki ýaragyny ulanmagy boýunça derňewleri Yraga hem ýaýbaňlandyrmak teklibinden el çekdi.

ABŞ-nyň we Germaniýanyň hökümetleri “Yslam döwleti” toparynyň söweşijileriniň şu ýyl Yrakdaky kürtlere garşy mustard gazyny we beýleki himiki ýaraglary ulanandygyny tassyklaýan subutnamalaryň bardygyny aýdýarlar.

Bu maglumat Orsýetiň ABŞ-daky ilçisi Witaliý Çurkiniň BMG-niň Howpsuzlyk geňeşini Siriýada himiki hüjümlere jogapkärlere degişli derňewlere Yrakdaky gaz hüjümleri bilen bagly wakalary hem goşmaga ündemegine itergi berdi.

Emma BMG-niň diplomatlary Yragyň derňewleri öz giňişligine ýaýbaňlandyrmak boýunça ygtyýarlygyň artdyrylmagyna garşy çykandygyny aýdýarlar.

Şeýlelikde Çurkin öz teklibinden el çekip, 10-njy sentýabrda Howpsuzlyk Geňeşiniň Siriýa boýunça derňewlere başlamak boýunça soňky çärelerine mümkinçilik döretdi.

XS
SM
MD
LG