Sepleriň elýeterliligi

BMG: ABŞ, ÝB has köp bosgun almaly


Siriýaly bosgunlar

Siriýaly bosgunlar

BMG-niň bosgunlar edarasynyň (UNHCR) metbugat-wekili ABŞ-nyň 10 müň siriýaly bosguny kabul etmek boýunça teklibini makullaýandygyny aýtdy emma Waşingtonyň “has köp zat edip biljekdigini we etmelidigini” aýtdy.

Agentligiň metbugat-wekili William Spindleriň 11-nji sentýabrda Ženewada aýtmagyna görä, agentlik Wengriýada harbylaryň bosgunlaryň akymyna çemeleşmekdäki roluna “ýakyndan syn edýär”. Ol harbylaryň we polisiýanyň bosgunlaryň hukuklaryna hormat goýmalydyklaryny belledi.

Spindler Ýewropa Bileleşiginiň 160 müň bosguny kabul etmäge taýýarlygyny makullady we iň uly täsir astyndaky ýurtlarda ýagny Gresiýada, Italiýada we Wengriýada “kabul ediş merkezlerini” döretmäge çagyrdy.

BMG-niň bosgunlar edarasy şu ýyl 380 müň bosgunyň Ýewropa barandygyny we olaryň ýarysynyň siriýaly bosgunlardygyny aýtdy, şeýle-de bu sanyň “geljekki hepdelerde we aýlarda çürt-kesik artmagynyň çak edilýändigini” belledi.

XS
SM
MD
LG