Sepleriň elýeterliligi

'Yrak we Siriýa döwlet bütewüligini ýitirip biler'


'Yrak we Siriýa döwlet bütewüligini ýitirip biler'

'Yrak we Siriýa döwlet bütewüligini ýitirip biler'

10-njy sentýabrda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Aňtaw gullugynyň ýolbaşçylary Yragyň we Siriýanyň uruş we dini mezhebara dawalar sebäpli bütewi bir döwlet hökmünde saklanyp galmazlyklarynyň mümkindigini tekrarladylar. Resmiler gürrüňi gidýän sebitlerdäki dawalaryň has uzaga çekip biljekdigini duýdurdylar.

ABŞ-nyň Aňtaw gullugynyň ýolbaşçysy general-leýtenant Winsent Stýuart (Vincent Stewart) Yragyň üç dürli regiona bölünip biljekdigi baradaky pikiri tekrarlap, olary: kürtleriň, sünnüleriň we şaýylaryň regionlary diýip atlandyrdy. Şu ýylyň tomus paslynyň başynda Stýuardyň bu analizleri Yragyň premýer-ministriniň gahar-gazaply çykyş etmegine sebäp bolupdy.

10-njy sentýabrda Waşingtondaky senagat konferensiýasynda çykyş eden Stýuart Yragyň we Siriýanyň uly territoriýalarynyň “Yslam döwleti” atly topar tarapyndan basylyp alnandygyny belläp: “Men has agyr günleriň gelýändigini görýärin” diýdi.

“Yslam döwleti” atly topar, ortaça aýdanymyzda, Yragyň üç böleginiň biri, ýagny sünni bölegi diýlip häsiýetlendirilýän territoriýalaryny – ýurduň demirgazyk we günbatar bölegini basyp aldy. Şol bir wagtyň özünde bu topar Siriýanyň üçden bir bölegi diýip boljak gündogar territoriýalaryny hem basyp alyp, iki ýurduň arasyndaky serhetleri birleşdirýän radikal sünni musulman halyfatyny döretdi.

Uruş liniýasyndaky yrakly kürtler

Bu aralykda demirgazyk Yragyň ýarym-awtonom regionyndaky yrakly kürtler uruş liniýasynda bolup, olar “Yslam döwleti” atly topardan öz territoriýalaryny, şol sanda ýurduň demirgazygyndaky sünni birikmeleri azat etmäge synanyşýarlar.

Ýakynda Massoud Barzani kürtleriň öz ganyny döküp, azat eden giňişliklerini merkezi hökümete bermeli däldigini belledi.

“Yragyň böleklere bölünýändigi mese-mälim görnüp dur. Şeýle-de federal ýa-da merkezi hökümetiň hem ähli zatda öz kontrollygyny ýitirendigi görnüp dur. Goşun, polisiýa – ähli zat dargaýar” diýip, Barzani “CNN” korporasiýasyndan Kristian Amanpura (Christiane Amanpour) beren maglumatynda aýtdy.

“Nämälim adamlara zamun bolmak”

“Biz Yragyň dargamagyna sebäp bolmadyk. Muňa sebäp bolanlar başgalardyr we biz nämälim adamlara zamun bolup galyp bilmeris. Kürdüstanyň halkynyň öz gelejegini kesgitlemeginiň wagty geldi” diýip Barzani tekrarlady.

Bu aralykda Stýuart: “Men kürtler Yragyň merkezi hökümetine dolanarlar diýen pikir bilen göreşýärin. Men gelejekde Siriýanyň iki ýa-da üç bölege bölünjekdigini göz öňüme getirip bilýärin” diýdi.

Onuň bu baradaky çykyşy Birleşen Ştatlaryň Merkezi aňtaw gullugy CIA-nyň müdiri John Brennan tarapyndan hem tassyklandy.

Ýokarda agzalan senagat konferensiýasynda çykyş eden Brennan Siriýanyň we Yragyň serhetleriniň saklanyp galýandygyny, emma bu ýurtlardaky hökümetleriň öz kontrollygyny “Yslam döwleti” atly topara elinden berendigini aýtdy.

Geçen aý Türkiýe hem, Yragyň territoriýasyndaky kürt pitneçilerine garşy howa zarbalaryny urmak üçin Yragyň serhedinden yzygiderli geçmäge başlady. Şeýle-de şu hepde Türkiýe 2011-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Yragyň Kürdüstan sebitine gury ýer goşunyny saldy. Türkiýäniň Yragyň içki işlerine bu gatyşmasyna diňe Yrak tarapyndan gowşak reaksiýa bildirilip, 10-njy sentýabrda Bagdat muny: “Yragyň özbaşdaklygynyň anyk bozulmasy” diýip atlandyrdy.

XS
SM
MD
LG