Sepleriň elýeterliligi

Duşenbedäki dartgynlygy näme tutaşdyrdy?


Täjigistan, IIM Romit jülgesinde operasiýa geçirýär. 7-nji sentýabr, 2015 ý.

Täjigistan, IIM Romit jülgesinde operasiýa geçirýär. 7-nji sentýabr, 2015 ý.

Geçen hedpe Täjigistan 90-njy ýyllardaky graždançylyk urşundan bäri iň ganly günlerini başdan geçirdi. Iki sany aýry-aýry amala aşyrylan hüjümlerde onlarça adam ölüp, hem ýaralanypdy. Bularyň mümkin sebäpleri barada dürli garaýyşlar orta atylýar.

Şol bir wagtda bu hadysalaryň näme sebäpden ýüze çykandygy, nähili özgerendigi baradaky soraglar hem gün tertipde saklanýar.

Mejlis atly hepdelik gepleşigimiziň bu sanynda bu mesele ara alnyp, ol hakda jikme-jik gürrüň edilýär. Programmanyň myhmanlary:

Parwiz Mullajanow: Täjigistanly garaşsyz ekspert;

Professor John Heathershow: Exter Uniwersitetiniň professory hemem "Täjigistanyň Özgerişi" atly kitabyň awtory;

Edward Lemon: Exter Uniwersitetiniň Täjigistan boýunça barlagçysy;

Bruce Pannier: Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň merkezi aziýa boýunça makalalar çap edilýän blogy Qishloq Ovozi-niň redaktory.

Programmany Azatlyk Radiosynyň müdiri Muhammad Tahir alyp barýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG