Sepleriň elýeterliligi

Protestçiler güýç bilen dargadyldy


Ermeni polisiýasy 12-nji sentýabrda paýtagt Ýerewanda toplanan onlarça demonstrasiýaçyny merkezi köçeden kowmak üçin güýç ulandy.

Olar golaýda elektrik nyrhlarynyň gymmatladylmagyna garşy protest bildirýärler.

Jemi 48 aktiwist tussag edildi. Olar adminstratiw düzgün bozmalarynda aýyplandy we biraz salymdan azatlyga goýberildi.

Aglabasy ýaş adamlardan ybarat bolan protestçiler Marşal Bagramýan prospektiniň käbir böleklerini bagladylar, bu köçe prezident köşgüne alyp gelýär.

Protestçiler hökümeti özüniň elektrik bahalarynyň gymmatlan böleginiň öwezini dolmak barada beren wadasynda tapylmazlykda aýyplaýarlar.

«Talama» diýen şygar astynda, ýaşlar toparynyň guramaçylygynda geçirilýän protest häkimiýetleriň 17 prosent elektrik gymmatlamasyny doly ýatyrmagyny talap edýär. Ermeni hökümeti bu baradaky karary iýun aýynda tassyk etdi.

Pitnä garşy polisiýa protestçileri iýunyň aýagynda we iýulyň başynda protestçiler bilen polisiýanyň arasynda iki hepdelik gapma-garşylyk sahnasyna aýlanan ýerde saklap, olaryň köçäni boşatmagyny talap etdi.

Polisiýa protestçileriň köçäni boşatmagyny talap etdi, emma protesçitler polisiýa gabawyny böwsüp bilmänlerinden soň, köçäni boşatmaga derek oturma protestine başladylar. Protest liderleri özleriniň bu ýerden prezident Serž Sarkisýanyň adminstrasiýasy öz talaplaryny kabul edýänçä gitmejeklerini aýtdylar.

Polisiýa ofiserleri protestleriň «bikanundygy» barada gaýta-gaýta duýduryş berenlerinden soň, demonstrasiýaçylara ir sagat 5-e çenli protspekti meýletin boşatmaga wagt berdiler ýa-da çäre görüljegini
aýtdylar.

Berlen möhlet gutaranyndan ýarym sagat geçeninden soň, polisiýa operasiýa başlady we aktiw garşylyk görkezmedik 50 çemesi protestçiniň hataryny böwüsdi. Soňra polisiýa demonstrasiýaçylaryň daşyny alyp, olary prospektden gyra kowdy. Polisiýanyň prospekti demonstrasiýaçylardan arassalamagy üçin 15 minut çemesi wagt gerek boldy.

Polisiýanyň sözçüsi bu ýygnanyşygyň «bikanun» bolandygyny, sebäbi ýerli häkimiýetler tarapyndan ygtyýar berilmändigini, şu sebäpden polisiýa olary dargatmak tabşrygynyň berlendigini aýtdy.

«Talama» toparynyň we elektrik bahasynyň gymmatladylmagyna garşy kampaniýa geçirýän beýleki raýat toparlarynyň aktiwistleriniň protestlerini günüň dowamynda dowam etdirjegi ýa-da etdirmejegi belli bolman galdy.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG