Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Azerbaýjan ÝB-ä haýbat atýar


Ýewropa parlamentiniň resolýusiýasy Bakuwy derňewçi žurnalisti we birnäçe hukuk goraýjy aktiwisti azat etmäge çagyranyndan soň, Azerbaýjan Ýewropa Komissiýasynyň delegasiýasynyň saparyny ýatyrdy we ÝB bilen gatnaşyklaryna «gaýtadan seretmek» haýbatyny atdy.

Ýurduň daşary işler ministrliginiň 11-nji sentýabrda ýaýradan beýanatynda «[Ýewropa Komissiýasynyň] delegasiýasynyň saparynyň ýatyrylmagy Azerbaýjan baradaky bir taraply rezolýusiýa bilen baglanyşykly» diýilýär.

«Umuman, biz Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklarymyza gaýtadan seretmeli, ol ýerde anti-azeri we anti-yslam tendensiýalary güýçli» diýip, beýanatda aýdylýar.

Azerbaýjan babatdaky rezolýusiýa 10-njy sentýabrda kabul edildi we onda «Azerbaýjandaky raýat jemgyýetine garşy edilýän görülmedik repressiýa» ýazgarylýar.

XS
SM
MD
LG