Sepleriň elýeterliligi

Germaniýanyň daşary işler ministri Orsýete Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň hökümetine edýän goldawyny güýçlendirýändigi üçin duýduryş berdi.

Frank-Walter Steýnmeýer 12-nji sentýabrda german gazetinde çap edilen söhbetdeşliginde «halkara jemgyýetçiligi tarapyndan görülýän bilelikdäki çärelere päsgel berýän ýagdaý döredilmeli däl» diýdi.

Ol «Moskwa Siriýanyň raýat urşuny uzaklaşdyrmaga çalyşýan däldir» diýip umyt edýändigini aýtdy.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama hem 11-nji sentýabrda Waşington Orsýet bilen Siriýa babatda gürleşer diýdi we Assada berilýän goldawyň soňunyň puçdugyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG