Sepleriň elýeterliligi

Täjik häkimiýetleri general barada dymýar


Täjik häkimiýetleri ýerli medianyň terrorda aýyplanan ozalky resminiň gaçgaklykda öldürilendigi baradaky habarlary tassyklamakdan ýüz öwürdi.

Golaýda ýurduň goranmak ministriniň orunbasarynyň baştutanlygynda guralandygy aýdylan hüjümlerde polisiýa ofiserleri öldürilipdi.

Asia-Plus we Avesta habar gulluklary Abduhalim Nazarzodanyň 11-nji sentýabrda Romit jülgesinde öldürilendigini habar berýär. Ol şol ýerde öz goldawçylary bilen gizlenýär diýip bilinýärdi.

Täjigistanyň içeri we goranmak ministrlikleri bu habarlary tassyklamakdan ýüz öwürdi.

Emma Azatlyk radiosynyň Täjik gullugy bilen söhbetdeş bolan kanun resmisi, adynyň aýdylmazlyk şerti bilen, häkimiýetleriň Romitden getirilen birnäçe jesediň şahsyýetini anyklamaga synanýandyklaryny aýtdy.

XS
SM
MD
LG